Germaniýa wodorod otlularyny işe girizmegi meýilleşdirýär

  • 25.11.2020 16:42
  • 4.8k+

Germaniýanyň Deutsche Bahn demir ýol kompaniýasy we Siemens Mobility konserni wodorod bilen ýöreýän “Mireo Plus H” otlusyny işe girizmegi meýilleşdirýär. Bu barada holdingleriň maglumatlaryna salgylanyp, cursorinfo.co.il habar berýär.

Elektrik bilen işleýän otlulardan pes bolmazlygy üçin bu demir ýol ulagy wodorod hereketlendirijisini alar. Ol sagatda 160 km tizlik bilen hereket edip, 600 km aralygy geçip biler.
Häzir Deutsche Bahn otlyny 15 minutda doldurmaga ukyply stansiýany döretmek bilen meşgullanýar. Wodorody Tübingen şäherinde öndürmek, tehniki hyzmat ussahanasyny bolsa Ulmda gurmak meýilleşdirilýär.
Şereketler synaglara 2024-nji ýylda başlamagy meýilleşdirýärler. Synaglar Baden-Württembergde bir ýyl dowam eder. Federal ulag we sanly infrastruktura ministrliginiň bu taslamany maliýeleşdirmäge taýyndygy aýdylýar.
“Doýçe Ban” 30 ýyldan klimat taýdan bitarap kompaniýa bolmak isleýär. Munuň üçin ol 1300 dizel hereketlendirijisini çalyşmaly bolar.

şu gün 06:43
949

NASA Argentinada ägirt uly ýürek şekilli reňkli köli görkezdi: ýöne onuň reňki näme sebäpden gülgüne?

NASA Argentinanyň Buenos-Aýres welaýatyndaky Salinas-Las-Barrankas duzly howdanynyň gaýtalanmajak suratyny çap etdi. Giňligi takmynan 10 kilometre barabar bolan we ýürek şekilini ýatladýan bu suw howdany......

düýn 23:18
684

π0.7 roboty öň öwredilmedik işleri-de ýerine ýetirip başlady

San-Fransiskoda ýerleşýän Physical Intelligence kompaniýasy robotlar üçin niýetlenen täze π0.7modelini tanyşdyrdy. Bu model robotlara öň hiç wagt öwredilmedik işlerini ýerine ýetirmäge-de mümkinçilik berýär.......

düýn 23:05
510

Parallel aň: Alymlar beýnide astrosit esasly ikinji aragatnaşyk ulgamyny tapdylar

Nýu-Ýork uniwersitetiniň alymlary uzak wagtlap diňe kömekçi öýjükler hasaplanýan astrositleriň beýnide özleriniň giň aragatnaşyk ulgamyny emele getirýändigini anykladylar....

12.05.2026 23:21
6.5k+

Mehiko her aýda 1,5 santimetr ýere çökýär: NASA howply ýagdaýy hasaba aldy

NASA-nyň radiolokasiýa ulgamynyň maglumatlaryna görä, Meksikanyň paýtagty Mehiko şäheri her aýda ortaça 1,5 santimetr ýere çökýär....