Ronaldu, Messi we Lewandowski Globe Soccer Awards baýragyna dalaşgär görkezildi

  • 23.11.2020 23:24
  • 7.9k+

Ýewropa klublar birleşigi we Futbol agentleriniň Ýewropa birleşigi tarapyndan guralýan Globe Soccer Awards-2020 baýragynyň dalaşgärleri yglan edildi. Bu barada news.sportbox.ru habar berýär.

Ýylyň oýunçysy baýragyna dalaşgärleriň arasynda "Ýuwentusyň" hüjümçisi Kriştianu Ronaldu, "Barselonanyň" hüjümçisi Lionel Messi, "Bawariýanyň" futbolçylary Robert Lewandowski we Serž Gnabri, şeýle hem Karim Benzema (Madridiň "Realy"), Markinýos ("PSŽ") we Sadio Mane ("Liwerpul") bar.
Iň oňat tälimçi baýragyna Žan Pýero Gasperini ("Atalanta"), Hans-Diter Flik ("Bawariýa"), Hulen Lopetegi ("Sewilýa"), Ýurgen Klopp ("Liwerpul") we Tomas Tuhel ("PSŽ") dalaşgär görkezildi.
Iň oňat klublaryň baýragyna dalaşgärleriň sanawyna "Bawariýa", "Ýuwentus", "Liwerpul", "PSŽ", "Real", "Sewilýa" girýär.
Baýrak gowşurylyş dabarasynyň 27-nji dekabrda Dubaýda geçirilmegine garaşylýar.

düýn 23:43
1k+

«Oýunçylar öwülse-de, özüme hem buýsanýaryn»: Lempard «Kowentrini» APL-e çykardy

«Kowentri Siti» futbol kluby 2001-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Angliýanyň premýer-ligasyna (APL) dolanmagyny resmi taýdan kepillendirdi....

düýn 12:18
3.1k+

FIFA özbegistanly eminleri Dünýä çempionaty – 2026-nyň sanawyna goşdy

FIFA-nyň habar bermegine görä, Ilgiz Tantaşewiň ýolbaşçylygyndaky özbegistanly eminler topary 2026-njy ýylda geçiriljek Dünýä çempionatynyň resmi eminleriniň sanawyna girizildi. Ýaryşda Tantaşew bilen......

düýn 12:16
1.6k+

«Marsel» futbol kluby täze logotipini tanyşdyrdy

Fransiýanyň «Marsel» futbol kluby 2026/2027-nji ýyl möwsüminden başlap ulanyljak täze logotipini hödürledi....

düýn 00:10
7.6k+

Lionel Messi «Kornelýa» futbol klubunyň eýesi boldy

«Inter Maýaminiň» we Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi Ispaniýanyň üçünji diwizionynda çykyş edýän «Kornelýa» futbol klubunyň eýesi boldy....