Türkmenistanda Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli 25 million agaç nahallary ekiler

  • 08.11.2020 15:26
  • 7.7k+

2020-nji ýylyň dowamynda ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ähli ýerinde saýaly we miweli agaç nahallarynyň, şeýle hem üzümiň 25 million sanysy ekiler.

Agaç nahallarynyň bir bölegi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 7-nji noýabrda geçirilen ählihalk bag ekiş çäresiniň barşynda ekildi.
Ýurdumyzyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, ählihalk ýowarynyň barşynda oňa gatnaşan Türkmenistanyň her bir ýaşaýjysy 30 agaç nahalyny ekdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda gol çeken «Ýurdumyzda 2020-nji ýylda bag ekmek hakynda» Kararyna laýyklykda 2020-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 25 million düýp nahaly ekiler. Bu hereket ýurdumyzda umumymilli bag ekiş maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegini, şol sanda ýurduň ekologiki abadançylygyny göz öňünde tutmak bilen, döwletiň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanandyr.

şu gün 10:38
245

Billi Aýliş 400 müň futbolkany gaýtadan işlemäge iberer

Billi Aýlişiň öňki konsert syýahatlaryndan 400 müň töweregi ulanylmadyk futbolka 280 müň sany täze önüm döretmek üçin gaýtadan işlener. Bu barada Fast Company habar berýär. Taslama artistler bilen bagly egin-eşikleriň we ýadygärlik sowgatlarynyň satuwyna jogap berýän Universal Music Group kompaniýasynyň Bravado bölümçesi tarapyndan durmuşa geçiriler...

şu gün 10:34
256

Apple iPhone-yň çäge, duzly suw we asfalt synaglaryna nähili çydaýandygyny görkezdi

Apple kompaniýasy iPhone-y adatdan daşary ulanyş şertlerinde nähili synagdan geçirýändigini görkezdi. Kompaniýanyň synag barlaghanalarynyň birine WWDC 2025 konferensiýasyna käbir gatnaşyjylar, şol sanda Counterpoint portalynyň analitikleri çagyryldy...

şu gün 09:54
305

Galaxy Watch 8 sagatlary Gemini emeli aňy bilen işleýän ilkinji sagatlar bolar

Samsung-yň Galaxy Watch 8 akylly sagatlary Google-yň Gemini emeli aňy bilen işleýän ilkinji Wear OS dolandyryşly enjamlar bolar. Bu barada Android Headlines neşiri internetde peýda bolan degişli mahabat suratlaryna salgylanyp habar berýär...

düýn 20:09
4.1k+

Stradiwariniň Ikinji jahan urşy döwründe ýiten skripkasy 80 ýyldan soň Tokioda tapyldy

Ýaponiýada Antonio Stradiwariniň 1709-njy ýyldaky “Mendelssohn” skripkasy tapyldy. Ol Ikinji jahan urşunyň ahyryndan bäri ýiten diýlip hasaplanypdy. Saz guraly Tokioda 2018-nji ýylyň sergisiniň köne suratlarynda tapyldy diýip, The New York Times ýazýar...