«Belet Video» programmasy YouTube-y türkmen ulanyjylaryna elýeterli etdi

  • 15.11.2020 19:21
  • 54k+

Nähili programma?
«Belet Video» programmasy türkmen ulanyjylaryna dünýäniň iň meşhur saýty bolan YouTube-y elýeterli etdi. Islendik adam bu programmanyň üsti bilen YouTube-däki meşhur dünýä we türkmen blogerleriniň kanallaryny yzarlap biler.
YouTube saýtynyň ulanyş Düzgünnamasynyň çäginde hereket edýär we wideolaryň ählisiniň awtorlyk hukuklary goralandyr.

Haçan döredildi?
Ýarym ýyl öň esaslandyrylan «JAN Tehnologiýa» Hojalyk Jemgyýetiniň hünärmenleriniň önümi bolan bu programma 2020-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan Türkmenistanyň çäginde ýaşaýanlara hyzmat edip başlady.

Kimler üçin niýetlenilen?
Wagtyny peýdaly hem gyzykly wideolara tomaşa etmek isleýän islendik ýaşdaky, kärdäki adam «Belet Video-dan» özüni gyzyklandyrýan wideosyny tapyp biler.
Çagalara güýmenje, şol bir wagtda hem öwrediji wideolar «Filmler we animasiýalar» kategoriýasynda;
Möhüm wakalardan, şol sanda ýurdumyzdaky täzeliklerden habarly bolmak üçin «Täzelikler» kategoriýasy («Watan» habarlar gepleşigi, Turkmenportal, CNN, Euronews, BBC);
«Aýdym», «Güýmenje», «Gülki», «Ylym we tehnika», «Syýahat», «Sport», «Bilim», «Aşpezlik» ýaly başga-da ençeme kategoriýalar bar.

Näme aýratynlygy bar?
Ulanyjylarynyň sany eýýäm 3 müňe ýeten «Belet Video» programmasynyň wideo gorunyň görlen sany 50 müňden geçdi. Programma gündelik 20 müňden gowrak wideo-kontent goşulýar. Şeýle hem:

  • YouTube-däki kontentleri hiç hili mahabatsyz (reklamasyz) görüp bolýar;
  • 5000-e golaý dünýä meşhur blogerleriň kanallaryna ýazylmak mümkin;
  • Programmanyň goldaw gullugy hepdede ýedi gün gije-gündizleýin hyzmat edýär;
  • Internet haýal işleýän ýerlerde hem wideonyň hili ýokary derejede saklanylýar;
  • Ulanyjylaryň islegleri öwrenilip, kanallaryň sany yzygiderli artdyrylýar.

Töleglimi?
«Belet Video» programmasyny ýükläp alanyňdan soň, 7 günläp ondan mugt peýdalanyp bolýar. 7 günden soň, programmanyň abuna tölegi her aýda 10 manat möçberde bellenen. Bu tölegler programmanyň hilini has hem kämilleşdirmek, şeýle hem täze programma önümlerini döretmek üçin alynýar.

Tölegi nädip geçmeli?
Abuna tölegini «Altyn Asyr» kartlarynyň, şeýle hem «Saraý» programmasynda TMСELL mobil telefondaky hasabyň üsti bilen amala aşyryp bolýar. Geljekde töleg terminallarynyň üsti bilen töleg geçirmekligi ýola goýmak meýilleşdirilýär.

Programmany nireden ýükläp almaly?
Android operasion ulgamy bolan islendik mobil telefony arkaly Play Marketden «Belet Video» programmasyny ýükläp almak mümkin. Programmanyň AppStore üçin görnüşi häzir işlenilýär.
Programmany şu salgydan ýükläp alyp bilersiňiz.

Programmany nädip işe girizmeli?
Programmany ýükläp alanyňdan soň, telefon belgiňi girizmek arkaly awtorizasiýa geçmeli. Soňra göwnüňize ýaran kanala ýazylyp, wideolara tomaşa edip bilersiňiz.

Geljekde nähili taslamalar bar?
«JAN Tehnologiýa» HJ ýurdumyzda sanly ulgamlara geçmek boýunça işlere mynasyp goşandyny goşmak maksady bilen, IT programmalarynyň dürli görnüşlerini çykarmagy meýilleşdirýär. Kompaniýa geljekde «Belet Films» hyzmatyny döretmegi meýilleşdirýär. Bu programma filmleri, multfilmleri, türk, rus seriallaryny, şeýle hem şüweleňli gepleşikleri bir ýerde jemlär.

Habarlaşmak üçin
Programma barada goşmaça maglumaty belet.com.tm saýtyndan ýa-da +993 61 392241; +993 12 750208 telefon belgileri bilen habarlaşyp alyp bolar.
Email salgy: belet@jantechnology.com; support@jantechnology.com

düýn 15:59
656

OpenAI we Google modelleriniň hytaýly bäsdeşi bolan DeepSeek V4 neýroulgamy çykdy

DeepSeek kompaniýasy özüniň täze uly dil modeli bolan V4-üň deslapky wersiýasyny çykardy. Ol beýleki modeller üçin ýokary öndürijilikli we tygşytly bäsdeş hökmünde görkezilýär....

düýn 15:13
1.6k+

Samsung «Galaxy Buds» gulaklyklary üçin konserwa bankalary görnüşindäki çehollary tanyşdyrdy

Samsung kompaniýasy Galaxy Buds gulaklyklarynyň zarýad beriji keýsleri üçin özboluşly gorag çehollarynyň seriýasyny çykardy. Olar iýmit önümleri salynýan bankalar görnüşinde dizaýn edildi....

düýn 11:38
1.9k+

Emeli aň az öwrenilen dillerde has gowy işläp başlady

Häzirki zaman emeli aň modelleri seýrek duş gelýän we az öwrenilen diller bilen işlemegi ep-esli gowulandyrdylar. Bu barada TechRadar neşiri RWS kompaniýasynyň geçiren barlagyna salgylanyp habar berýär....

düýn 08:07
1.6k+

ChatGPT ulanyjylaryny ýitirýär: olar Gemini we Claude-a geçýärler

Bäsdeşlik gurşawynyň güýçlenmegi bilen «ChatGPT» çat-botunyň meşhurlygy kem-kemden azalýar. Ulanyjylar emeli aňyň alternatiw hyzmatlary bolan «Gemini» we «Claude» ýaly platformalara geçip başladylar....