Lukman süňke zeper ýetirýän endigi aýtdy

  • 17.11.2020 23:32
  • 19k+

Lukmançylyk ylymlarynyň doktory Olga Lesnýak çilim çekmegiň süňk massasynyň azalyp, döwülmek töwekgelçiliginiň ýokarlanýan kesel – osteroporoz bilen baglanyşyklydygyny duýdurdy.

“Erkekleriň ýarysy çilim çekýär. Käbir sebitlerde her dördünji aýal maşgala çilim çekýär, şeýle ýagdaýa, esasan, ýaşlaryň arasynda duş gelinýär. Bu süňk dokumalarynyň ýagdaýy üçin örän ýaramaz endik. Ol erkeklerde-de, aýallarda-da süňküň döwülmegine sebäp bolýar” – diýip, “Moskwa” şäher täzelikleri agentligi lukmanyň sözlerini getirýär.

Lukman osteoporoz keseliniň elli ýaşdan soň güýçlenýändigini ýatlap geçdi.

“Her üçünji aýal maşgala, her bäşinji erkek adam, 50 ýaşyndan başlap, osteoporoz sebäpli ömrüniň ahyryna çenli iň bolmanda, bir gezek süňküni döwdürýär” – diýip, ol belledi.

Lesnýak keseliň öňüni almak üçin iň gowy serişdäniň D witaminidigini aýtdy. Ol adamlarda, esasanam, gyş döwründe bu maddanyň ýetmezçilik edýändigini belledi.

düýn 23:49
137

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.8k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....