Harri Keýn APL-iň rekordyny täzeledi

  • 19.10.2020 19:53
  • 9.6k+

“Tottenhemiň” hüjümçisi Harri Keýn iňlis premýer-ligasynda täze rekord goýdy diýip, Goal.com habar berýär.

“West Hem” bilen geçirilen bäşinji tapgyryň duşuşygynda hüjümçi iki gol geçirip dubl etdi we gol pasyny berdi, bu bolsa gol-pas ulgamyna görä, ballaryň sanyny 12-ä ýetirmäge mümkinçilik berdi (bäş pökgi we ýedi asist).
Keýn “Arsenalyň” öňki hüjümçisi Týeri Anriden we “Mançester Ýunaýtediň” öňki hüjümçisi Weýn Runiden öňe geçdi. 2004/2005-nji möwsümde Anri çempionatyň başky bäş tapgyrynda 11 netijeli hereket görkezdi. Onuň üstünligini ýedi ýyldan soň iňlis futbolçysy gaýtalady.
“Tottenhem” bilen “West Hemiň” arasyndaky oýun 18-nji oktýabrda - ýekşenbe güni bolup, 3:3 hasabynda tamamlandy. 16-njy minutda "Spurlar" üç pökgi bilen öňe saýlandy, ýöne oýnuň ahyrynda Žoze Mourinýonyň topary öz derwezesine şonça pökgini geçirtdi.

düýn 14:53
7.3k+

Usik ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürdi, ýöne «soňky tansy» wada berdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik özüniň ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürmek barada netijä geldi. Ol bu barada özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda mälim etdi....

düýn 13:51
8.5k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 23:43
8k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

26.06.2026 20:10
8.8k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....