Leonardo Di Kaprio “Ýokaryk seretme!” filmine surata düşer

  • 17.10.2020 10:11
  • 6.8k+

Golliwudyň ýyldyzlary Leonardo Di Kaprio bilen Meril Strip Netflix üçin täze filme surata düşerler. Film “Ýokaryk seretme!” diýlip atlandyrylar. Filme surata düşmäge aýdymçy Ariana Grande we “Dostlar” serialynyň ýyldyzy Mettýu Perri hem gatnaşýar. Bu barada csn-tv.ru habar berýär.

Lentanyň režissýory Adam Makkeý. Deslapky maglumatlar boýunça, filmi surata düşürmäge 2020-nji ýylyň 19-njy noýabrynda başlanylar. Filmiň çykjak senesini döredijiler heniz aýdyp bilmeýärler. Film Bostonda (ABŞ) surata düşüriler.
Sýužete görä, Ýere howply asteroidiň ýetip gelýändigini kesgitlän iki sany alym-astronom golaýlaýan Ahyrzaman barada adamlara habar bermäge, düşündirmäge ýola çykýarlar, emma adamlar bolup geçýän zatlara ynanmazçylyk bilen bakýarlar.
Ilkibaşda filmi surata düşürmek işleri 2020-nji ýylyň aprelinde başlanar diýlip çaklanylypdy, ýöne täze görnüşli koronawirus ýaýrawy we köp ýurtlarda girizilen çäklendirmeler bu meýilnamanyň şol wagt durmuşa geçirilmegine päsgel berdi.

şu gün 00:03
1.1k+

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
974

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
457

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
904

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......