Leonardo Di Kaprio “Ýokaryk seretme!” filmine surata düşer

  • 17.10.2020 10:11
  • 6.7k+

Golliwudyň ýyldyzlary Leonardo Di Kaprio bilen Meril Strip Netflix üçin täze filme surata düşerler. Film “Ýokaryk seretme!” diýlip atlandyrylar. Filme surata düşmäge aýdymçy Ariana Grande we “Dostlar” serialynyň ýyldyzy Mettýu Perri hem gatnaşýar. Bu barada csn-tv.ru habar berýär.

Lentanyň režissýory Adam Makkeý. Deslapky maglumatlar boýunça, filmi surata düşürmäge 2020-nji ýylyň 19-njy noýabrynda başlanylar. Filmiň çykjak senesini döredijiler heniz aýdyp bilmeýärler. Film Bostonda (ABŞ) surata düşüriler.
Sýužete görä, Ýere howply asteroidiň ýetip gelýändigini kesgitlän iki sany alym-astronom golaýlaýan Ahyrzaman barada adamlara habar bermäge, düşündirmäge ýola çykýarlar, emma adamlar bolup geçýän zatlara ynanmazçylyk bilen bakýarlar.
Ilkibaşda filmi surata düşürmek işleri 2020-nji ýylyň aprelinde başlanar diýlip çaklanylypdy, ýöne täze görnüşli koronawirus ýaýrawy we köp ýurtlarda girizilen çäklendirmeler bu meýilnamanyň şol wagt durmuşa geçirilmegine päsgel berdi.

şu gün 04:57
263

Nature Photography Contest bäsleşiginiň ýeňijileri tebigatyň näzikligini suratda beýan etdiler

"Nature Photography Contest" bäsleşiginiň eminler topary 2025-nji ýylyň ýeňijilerini yglan edip, tebigatyň iň gowy suratlaryny hödürledi....

düýn 23:43
1.3k+

Icelandair kompaniýasy Islandiýa syýahat hödürlemek üçin «erbet fotosuratçyny» gözleýär

«Icelandair» awiakompaniýasy bäsleşik yglan etdi. Onuň ýeňijisi Islandiýa 10 gün syýahat etmäge mümkinçilik gazanar. Taslamanyň maksady hatda tejribesiz adamyň hem bu ýurtda gowy suratlary düşürip biljekdigini......

düýn 23:32
3.2k+

Aşgabatda tölegli jemagat awtoduralgalarynyň iş düzgünleri tassyklanyldy

Aşgabatda tölegli jemagat awtoduralgalaryny guramagyň we peýdalanmagyň düzgünleri tassyklanyldy. Resminama güýje girdi we Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi saýtynda ýerleşdirildi....

düýn 22:34
2.4k+

"Teýmirleň" atly taryhy film bütin dünýäde görkezildi

"Teýmirleň" taryhy filmi bütin dünýäde görkezildi: 2026-njy ýylyň 2-nji aprelinden bäri film 30-dan gowrak ýurtda görkezilýär. Taslama Amerikanyň Mystery Box, Özbegistanyň 7SABER we Gazagystanyň BWG Production......