Dünýäde iň ýokary tizlikli wideo kamerany döretdiler

  • 16.10.2020 11:15
  • 9.5k+

Bu üýtgeşik enjamy Kanadanyň Milli Ylmy Gözleg Institutynyň hünärmenleri tanyşdyrdylar diýip, sev.tv habar berýär.

Täze kameranyň esasy aýratynlygy ol ultramelewşe diapazonda hem düşürmäge mümkinçilik berýär, onuň bilen bir sekuntda ýarymtrillion surat kadryny alyp bolýar. Bu bolsa ýagtylyk tizliginde hereket edýän fotonlary hem surata alyp boljakdygyny görkezýär.
Bu enjamy ulanyp, ýokary hilli wideodan başga-da, islendik, şol sanda adaty göz bilen saýgaryp bolmaýan ýokary tizlikde hereket edýän obýektleriň hem suratlaryny alyp bolýar. Enjamy döredijileriň pikiriçe, kamera ylmy gözlegleriň çäginde giňden ulanylyp bilner. Bu ylymda täze basgançaklara ýetmäge mümkinçilik berer. Ol adaty surata düşürişde hem gyzykly bolar - diýip, Rusargument neşiri habar berýär.

şu gün 00:17
391

Voyager Technologies: adamlar eýýäm 2030-njy ýyllardan başlap Aýda ýaşap we işläp bilerler

Voyager Technologies aerokosmos startapynyň baş direktory Dilan Teýlor adamlaryň şu onýyllygyň ahyryna çenli Aýy işjeň öwrenmäge başlajakdygyny, indiki onýyllygyň başynda bolsa ol ýerde hemişelik ýaşap we......

düýn 19:33
853

Unitree Robotics kompaniýasy dünýäde ilkinji pilotirlenýän transformasiýa roboty bolan GD01-i döretdi

Hytaýyň Unitree Robotics kompaniýasy dünýäde ilkinji pilotirlenýän transformasiýa roboty bolan GD01-i köpçülikleýin öndürmäge doly taýýar edip görkezdi....

düýn 15:48
1.6k+

WSJ: Google bilen SpaceX orbita maglumat merkezlerini ugratmak hakda gepleşik geçirýär

«Google» kompaniýasy «SpaceX» bilen hasaplaýyş kuwwatlyklaryny kosmosda ýerleşdirmegi göz öňünde tutýan synag tehnologiýasy — orbital maglumat merkezlerini işe girizmek barada gepleşikler geçirýär. Bu barada......

düýn 07:30
2.2k+

Huawei 10 000 mA·sag kuwwatly we düýbünden täze gurluşly batareýany synagdan geçirýär

Huawei kompaniýasy materiallary we gurluşy boýunça täze nesil akkumulýatorlary synagdan geçirýär. Insajer «Digital Chat Station-yň» berýän maglumatyna görä, bu batareýalaryň sygymy 10 000 mA·sag derejesinden......