Himiýa boýunça Nobel baýragy genomy redaktirleme usuly üçin berildi

  • 07.10.2020 23:50
  • 5k+

2020-nji ýylda himiýa boýunça Nobel baýragy Emmanuel Şarpantýe (Maks Plank jemgyýetiniň ýokanç biologiýa instituty) bilen Jennifer Dudna (Berklide Kaliforniýa uniwersiteti) “genomy redaktirleme usulyny öňe sürendikleri üçin” berildi. Bu barada interfax.ru habar berýär.

Ýeňijileri yglan etmek dabarasynda Nobel komitetiniň saýtynda alymlaryň derňew işleri barada metbugat-relizi neşir edildi.
Ýeňijiler 10 mln şwed krony möçberindäki pul baýragyny deň paýlaşarlar.
Nobel komiteti genetiki redaktirleme ulgamyny usul hökmünde bahalandyrdy. Özüniň metbugat-relizinde komitet Şarpantýe bilen Dudnanyň 2012-nji ýylda gen tehnologiýa gurallaryndan CRISPR/Cas9 diýlip atlandyrylýan gen gaýçysyny açandyklaryny belleýär. Bu tehnologiýa arkaly alymlar haýwanlaryň, ösümlikleriň we mikroorganizmleriň DNK-syny ýokary takyklyk bilen üýtgedip bilýärler. Bu tehnologiýa durmuş ylymlaryna uly täsir etdi, rak keselini bejermegiň täze usullaryna goşant goşdy, ol nesil kesellerini bejermek baradaky arzuwy amala aşyryp biler.
Özüniň tebigy görnüşinde “gaýçy” DNK wiruslaryny anyklaýar, ýöne Şarpantýe bilen Dudna islendik DNK molekulasyny öňünden kesgitlenen ýerde keser ýaly ýagdaýda ony dolandyryp bolýandygyny subut etdiler. DNK kesilen ýerde ýaşaýyş koduny täzeden ýazyp bolýar. CRISPR/Cas9 mehanizmi gen inženeriýasy pudagynda iň ähmiýetli açyşlaryň biri boldy.
Şarpantýe bilen Dudna 2012-nji ýylda molekulýar gaýçyny tapanlaryndan soň, CRISPR/Cas9 ulgamy iň meşhur genetiki redaktirleme usulyna öwrüldi. Bu gural esasy derňewleriň pudagynda köp möhüm açyşlara goşant goşdy. Wagtyň geçmegi bilen, ulgam kämilleşdirildi: häzir genetikler diňe DNK-dan yzygiderligi kesmän, eýsem RNK-ny redaktirläp, genoma zyýan ýetirmezden aýratyn nukleotidleri çalşyp bilýärler.

düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:53
4.8k+

Meksikanyň jeňňelliklerinde maýýalaryň ozal näbelli şäheri tapyldy

Halkara arheologlar topary Meksikanyň günortasyndaky Kampeçe ştatynda ýerleşýän Kalakmul biosfera goraghanasynda ozal näbelli bolan maýýa şäherini ýüze çykardy. «Minanbe» diýlip atlandyrylan bu şäher sebitiň......

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......