Johnson & Johnson приступил к третьему этапу испытаний вакцины против COVID-19

  • 24.09.2020 11:33
  • 7.5k+

Johnson & Johnson amerikan holdingi koronawirusa garşy sanjymyň synaglarynyň üçünji tapgyryna başlady. Bu barada kompaniýanyň saýtynda aýdylýar. Muny quote.rbc.ru ýetirýär.

Dalaşgär sanjymy Johnson & Johnson holdinginiň düzümine girýän Janssen farmaseptik kompaniýasy taýýarlaýar. Kliniki synaglar üç yklymda – diňe bir ABŞ-da bolman, eýsem Argentinada, Braziliýada, Çilide, Kolumbiýada, Meksikada, Peruda, GAR-da 60 müň meýletinçide geçiriler. Kompaniýa plasebo bilen deňeşdirilende sanjymyň bir dozasynyň howpsuzlygyny we täsirliligini öwrener.

“Barlag hem COVID-19-yň agyr formasynyň döremek howpy bilen baglanyşykly utgaşýan keselleri bolan hassalary hem bolmadyk hassalary öz içine alar” – diýlip, habarnamada aýdylýar.

Koronawirusa garşy sanjymy taýýarlamakda Janssen Ebola garşy sanjymy döredende ulanan AdVac tehnologiýasyny peýdalanýar. Birinji kliniki synaglar gowy netijeleri berdi.
Johnson & Johnson ABŞ-da uly göwrümli synaglara başlan dördünji kompaniýadyr. Olaryň arasynda Moderna, sanjymy BioNTech bilen bilelikde synagdan geçirýän Pfizer, AstraZeneca kompaniýalary bar. Kompaniýa sanjymyň täsirliligi we ygtybarlydygy subut edilse, ol 2021-nji ýylyň başynda ulanmak üçin tassyklanylar diýip umyt edýär.
Awgustyň ortalarynda kompaniýa koronawirusa garşy sanjymyň synaglarynyň üçünji tapgyrynyň çäklerinde Beýik Britaniýa bilen hyzmatdaşlyga razy boldy. Holding britan hökümetine 30 mln doza sanjymy satmak barada hem ylalaşdy. Bu şertnama Britaniýa 22 milliona çenli goşmaça doza satyn almaga mümkinçilik berer.

09.06.2026 23:14
5.8k+

Популярные среди знаменитостей балетки могут привести к проблемам со стопами

Врачи предупредили о возможных проблемах со здоровьем, связанных с длительным ношением балеток. По словам специалистов, такая обувь может стать причиной хронических болей и деформации стопы....

08.06.2026 07:29
3.1k+

ВОЗ направит $518 млн на борьбу со вспышкой Эболы в Африке

Всемирная организация здравоохранения (ВОЗ) и Африканские центры по контролю и профилактике заболеваний представили шестимесячный план стоимостью 518 миллионов долларов для борьбы со вспышкой лихорадки Эбола в......

05.06.2026 17:46
2.7k+

В Великобритании испытали вакцину, уничтожающую раковые опухоли

В Великобритании завершилось клиническое исследование препарата «Амивантамаб», в ходе которого у части пациентов с тяжёлыми формами рака головы и шеи опухоли значительно уменьшились или исчезли полностью....

05.06.2026 15:54
4.1k+

Китай первым в мире одобрил коммерческое применение инвазивного мозгового импланта

Китай стал первой страной в мире, одобрившей коммерческое применение инвазивного интерфейса «мозг–компьютер» (Brain-Computer Interface, BCI)....