Türkmenistanda 2 sany ýokary okuw mekdepleriniň ýanynda ylmy-önümçilik merkezleri dörediler

  • 19.09.2020 17:54
  • 15k+

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Tebigy we takyk ylymlar boýunça ylmy-barlag merkezini hem-de Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda Ulag-logistika ylmy merkezini döretmek göz öňünde tutulýar.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ylmy-önümçilik merkezleriniň ulgamyny giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada wise-premýer P.Agamyradow Hökümet mejlisinde hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, daşary ýurtlaryň ylmy-barlag institutlary, ýokary okuw mekdepleri bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreler görülýär.
Wise-premýer ylmy-barlag institutlarynyň ýokary okuw mekdepleri bilen aragatnaşygyny pugtalandyrmak hem-de ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň möhüm meselelerini çözmäge gönükdirilen işleri toplumlaýyn alyp barmak boýunça öňde goýlan wezipelere laýyklykda, ýokary okuw mekdepleriniň ýanynda ylmy-önümçilik merkezleriniň ulgamyny giňeltmegiň meýilleşdirilýändigini habar berdi.

şu gün 00:18
290

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny gurmagy meýilleşdirýär

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny (AES) döretmegi meýilleşdirýär. Bu wezipe Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kosmos işi ulgamyndaky döwlet syýasatynyň esaslary baradaky......

düýn 20:31
2.2k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

27.06.2026 09:54
5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....