«Forbes»: Messi dünýäniň iň ýokary hak tölenýän futbolçysy

  • 15.09.2020 22:39
  • 13k+

«Barselona» ispan klubynyň futbolçysy Lionel Messi «Forbes» žurnalynyň hasaby boýunça ýylyň iň ýokary hak tölenýän futbolçylarynyň reýtingini esaslandyrdy diýlip, neşiriň saýtynda habar berilýär. Muny iz.ru ýetirýär.

2020-nji ýylda 33 ýaşly türgeniň girdejisi 126$ milliona barabar boldy, şondan 92 milliony onuň aýlygy we $34 milliony mahabat şertnamalary düzýär.
Messiniň yzyndan Portugaliýanyň futbol boýunça ýygyndy toparynyň 35 ýaşly kapitany we hüjümçisi Kriştianu Ronaldu ýerleşdi, ol bu ýyl $117 mln (70 million aýlyk+47 million mahabat) gazandy. Liderleriň üçlügini “PSŽ” fransuz klubynyň braziliýaly futbolçysy Neýmar $96 mln (78+18) girdejisi bilen jemleýär.
Reýtingi şular dowam etdirýär: Kilian Mbappe (“PSŽ”) – 42 mln, Mohamed Salah (“Liwerpul”) – 37 mln, Pol Pogba (“Mançester Ýunaýted”) – 34 mln, Antuan Grizmann (“Barselona) – 33 mln, Garet Beýl (“Real”) – 29 mln, Robert Lewandowski (“Bawariýa”) – 28 mln we Dawid De Hea (“Mançester Ýunaýted”) – 27 mln.

şu gün 23:41
71

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

şu gün 13:41
7.8k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

şu gün 12:43
6.2k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

düýn 14:53
9.3k+

Usik ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürdi, ýöne «soňky tansy» wada berdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik özüniň ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürmek barada netijä geldi. Ol bu barada özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda mälim etdi....