Türkmenistan Sarahs BGN-de eýranly ýük kerwenleri üçin serhedini wagtlaýyn açdy

  • 15.09.2020 17:01
  • 22k+

Türkmenistan bilen Eýran Sarahs–Sarahs barlag-goýberiş nokadynda awtoulaglaryň geçmegi üçin serhet geçelgesini wagtlaýyn açdylar. Eýranyň Sarahs serhet terminalynyň başlygy Mehdi Rezai Horasan Razawi welaýatynyň demirgazyk-gündogaryndaky bu serhet böleginiň 14-nji sentýabrda Eýranyň ýük awtoulaglary üçin ýörite şertlerde Türkmenistan tarapyndan 10 günlük açylandygyny aýtdy. Bu barada Eýranyň habar beriş serişdelerine salgylanyp, ORIENT habar berýär.

«Duşenbe güni türkmen tarapy bilen serhetde geçirilen duşuşyga we ylalaşylan arassaçylyk düzgünlerine laýyklykda, 10 ýük awtoulagynyň araçäk köprüsinden geçip, Türkmenistanyň çäginden 100 metr içeri girmegi we ýükli tirkegleriň eýran ulaglaryndan ýükleri Türkmenistanyň çägindäki ýa-da üçünji ýurduň başga bir serhedindäki ahyrky nokada eltýän türkmen ulaglaryna geçirilmegi barada karar berildi» diýip, IRNA bilen bolan söhbetdeşlikde Mehdi Rezai belleýär.

Türkmen ýük awtoulaglary ýükleri barmaly nokadyna eltip, boş tirkegini Sarahsdaky eýranly sürüjilere gaýtaryp berer. Eýrana girýän türkmen ýük awtoulaglary üçin hem şuňa meňzeş operasiýa mümkin.
2020-nji ýylyň iýun aýynyň başynda, Türkmenistan bilen Eýranyň serhedinde, Sarahs–Sarahs barlag-goýberiş nokadynyň golaýynda Tejen derýasynyň üstünden 96 metrlik köpri açyldy.
Eýranyň ýol we şäher gurluşyk ministri Muhammed Eslaminiň aýtmagyna görä, täze köpriniň ulanylmaga berilmegi serhetden bir günde 1000 awtoulagyň geçmegini üpjün etmäge mümkinçilik berer, bu bolsa Aşgabat bilen söwda gatnaşyklaryny gowulandyryp, Eýrana Merkezi Aziýa ýurtlary bilen has işjeň hyzmatdaşlyga we Aşgabat şertnamasynyň tranzit ýeňilleşdirilmegi baradaky şertnamanyň ýerine ýetirilmegine ýardam eder.
Eýran Sarahs, Lýutfabad we Inçburun ýaly ähli serhet geçelgelerinde Türkmenistanyň üsti bilen awtoulag hereketiniň has ir başlanmagyna umyt baglaýar.
Öň, Türkmenistanyň 1-nji sentýabrdan Eýran bilen yzygiderli demir ýol gatnawyny dikeldendigi barada habar beripdik.

düýn 19:38
2.7k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

düýn 11:05
3.6k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......