50 ýurt Russiýanyň koronawirusa garşy sanjymy bilen gyzyklandy

  • 14.09.2020 16:02
  • 16k+

Göni maýa goýumlaryň rus gaznasy koronawirusa garşy sanjymy üpjün etmek bilen bagly meseleler boýunça 50 ýurt bilen hyzmatdaşlyk edýär diýip, gaznanyň ýolbaşçysy Kiril Dmitriýew aýdýar. Bu barada TASS habar berýär.

Ol önümçiligiň göwrüminiň heniz çäklidigini, şonuň üçin häzirki wagtda hyzmatdaşlyk üçin gatnaşyklarda uly öňegidişlik bolan 20 ýurduň ileri tutulýandygyny belledi.
11-nji sentýabrda Dmitriýew “Sputnik-V” döwlet sanjymy bilen Braziliýany we Meksikany üpjün etmek barada ylalaşyk gazanylandygyny habar berdi. Göni maýa goýumlaryň rus gaznasynda rus sanjymynyň “eýýäm oktýabrda-noýabrda” makullanylmagy mümkin diýip hasaplaýarlar.
Russiýanyň Saglygy goraýyş ministri Mihail Muraşko hem daşary ýurtlardan “Sputnik V” sanjymyny üpjün etmek, bilelikdäki önümçilik, şeýle-de beýleki sanjymlary bilelikde öwrenmek barada ýüzlenmäniň gelip gowşandygyny aýdypdy.

düýn 20:23
2.2k+

Alymlar süňkleriň öz-özüni dikeltmegine kömek etmegiň ýoluny tapdylar

Alymlar köp ýyllardan bäri süňk dykyzlygynyň peselýän we döwülme howpuny ýokarlandyrýan kesel bolan – osteoporoz keselini öwrenýärler. Häzirki dermanlar süňk dokumasynyň ýumrulmagyny haýalladýar ýa-da gysga wagtlyk onuň ösüşini höweslendirýär, emma käbirleri ýaramaz täsirleri döredýär...

düýn 00:31
2.1k+

BMGÖM Türkmenistana kliniki barlaghanalar üçin enjamlary we reaktiwleri getirdi

BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (ÖM) Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde durmuşa geçirýän «Türkmenistanyň kliniki-barlaghana gullugyny güýçlendirmek» atly taslamanyň çäginde laboratoriýa enjamlarynyň, reaktiwleriň we sarp ediş serişdeleriniň nobatdaky tapgyryny Türkmenistana gowşurdy...

19.11.2025 13:53
4k+

Ýaponiýaly lukmanlar türkmen kärdeşleri bilen tejribe alyşýarlar

Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) ýörite maksatnamasynyň çäklerinde Fukuoka şäheriniň Kýuşu milli uniwersitetiniň klinikasynyň lukmanlary Türkmenistanda saparda bolup, ýerli hünärmenler bilen tejribelerini paýlaşýarlar...

19.11.2025 13:43
5.8k+

Derman serişdeleri gana goýberilen mikro-robotlar arkaly bellenilen ýere eltilip başlanar

Alymlar çäge däneleriniň ululygyndaky kiçijik robotlary döretdiler — olar gan damarlary arkaly hereket edip, derman serişdelerini zerur ýerine takyk eltip, soňra bedende ýaýrap (ereýär) ýok bolup bilýär. Bu mikro-robotlary dolandyrmak magnit meýdanlarynyň kömegi bilen amala aşyrylýar, bu bolsa kapsulany bedeniň zerur böleklerine gönükdirmäge mümkinçilik berýär...