50 ýurt Russiýanyň koronawirusa garşy sanjymy bilen gyzyklandy

  • 14.09.2020 16:02
  • 16k+

Göni maýa goýumlaryň rus gaznasy koronawirusa garşy sanjymy üpjün etmek bilen bagly meseleler boýunça 50 ýurt bilen hyzmatdaşlyk edýär diýip, gaznanyň ýolbaşçysy Kiril Dmitriýew aýdýar. Bu barada TASS habar berýär.

Ol önümçiligiň göwrüminiň heniz çäklidigini, şonuň üçin häzirki wagtda hyzmatdaşlyk üçin gatnaşyklarda uly öňegidişlik bolan 20 ýurduň ileri tutulýandygyny belledi.
11-nji sentýabrda Dmitriýew “Sputnik-V” döwlet sanjymy bilen Braziliýany we Meksikany üpjün etmek barada ylalaşyk gazanylandygyny habar berdi. Göni maýa goýumlaryň rus gaznasynda rus sanjymynyň “eýýäm oktýabrda-noýabrda” makullanylmagy mümkin diýip hasaplaýarlar.
Russiýanyň Saglygy goraýyş ministri Mihail Muraşko hem daşary ýurtlardan “Sputnik V” sanjymyny üpjün etmek, bilelikdäki önümçilik, şeýle-de beýleki sanjymlary bilelikde öwrenmek barada ýüzlenmäniň gelip gowşandygyny aýdypdy.

26.04.2026 16:11
3.8k+

Buýan kökünde tapylan madda içege çişmesini basyp ýatyrmaga kömek edip biler

Tokio uniwersitetiniň ýapon alymlary ýokary öndürijilikli barlag arkaly buýan kökünde tapylan tebigy birleşme bolan glisirriziniň içegeleriň çişme keseliniň (IBD) öňüni netijeli alyp biljekdigini anykladylar....

20.04.2026 16:07
9.4k+

Barlag: Gazly suw artykmaç agramyň garşysyna göreşmäge we maddalaryň alyş-çalşyny çaltlaşdyrmaga kömek edip bilermi?

Gazly suw köplenç agramy azaltmagyň serişdesi hasaplanýar, sebäbi onuň düzüminde bar bolan uglerod dioksidi (CO2) dokluk duýgusyny döredip bilýär. Şeýle hem, ol iýmiti çalt siňdirýär we gandaky glýukozanyň......

20.04.2026 15:54
6.4k+

Osteoartroz ýekeje sanjym arkaly bejeriler

Boulderdäki Kolorado uniwersitetiniň alymlary osteoartrozdaky bogunlaryň dargama prosesini yzyna öwürmäge ukyply dermanlary ýetirmegiň täzeçil ulgamyny döretdiler. Haýwanlar arkaly geçirilen tejribeler......

16.04.2026 16:48
5.1k+

Pekin lukmançylyk uniwersitetiniň wekiliýeti Arkadag şäherine baryp gördi

15-nji aprelde Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Tan Çžişuwyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat......