Lukman uzak wagtlap ýaş görünmäge kömek edýän önümi aýtdy

  • 06.09.2020 11:20
  • 25k+

Lukmançylyk ylymlarynyň doktory, Dietologiýanyň we dioterapiýanyň Samara ylmy-barlag institutynyň müdiri Mihail Ginzburg uzak wagtlap juwan görünmäge kömek etjek bäş önümi aýtdy. Ol bu önümleri hemişe iýmitiňe goşmagy maslahat berýär. Muny “Вечерняя Москва” neşiri ýetirýär.

“Birinji önüm – gök çaý. Onda katehinler köp bolýar, olar autofagiýa prosesini herekete getirýärler. Bu prosesiň işjeňleşdirýän ähli zady garrama hadysasyny haýalladýar we organizmi ýaşardýar. Ýaşarmak bilen bagly ähli pikirleriň düýp özeninde az iýmeklik durýar” – diýip, dietolog belleýär.
Onuň pikiriçe, her günde gök çaýdan iki-üç käse içmeli.

Zeýtun ýagy, zygyr çigidi, balyk hem organizmi ýaşardýan önümleriň sanawyna girýär, sebäbi olar çişme hadysasyna garşy täsiri ýüze çykarýan doýgun däl ýag kislotalaryny saklaýarlar.
“Olar damarlary aterosklerozyň güýçlenmeginden goraýarlar” – diýip, lukman düşündirýär.
Ýene bir önüm – şekersiz ajymtyk şokolad.

“Onuň düzüminde şekeriň ýerini tutujy bolmaly, bize ganyň düzümindäki glýukozanyň derejesini ýokarlandyrmazlyk üçin şekeri başga bir zat bilen çalşyrmak gerek” – diýip, Ginzburg belleýär.

Ginzburg büzmeçe şöhlatlaryň, süýji gazlandyrylan suwuň, sdobanyň we kökäniň organizme ýaramaz täsir edýändigini hem aýtdy.

şu gün 06:17
0

Wagta garşy sanjym: ABŞ-da bir kompaniýa immun ulgamyna garramagy haýallatmagy "öwredýär"

Maýamide ýerleşýän we uzak ömür meseleleri bilen meşgullanýan Immorta Bio biotehnologiýa kompaniýasy öz toparynda senolitik immunoterapiýa üçin öz synpynda ilkinji serişde bolan SenoVax dermany üçin patent arzasyny berdi...

düýn 23:54
1.4k+

Ýumurtga we bagyr iýmeklik Alsgeýmer keseliniň döremek howpuny azaldýar - alymlar

Bedende holiniň ýetmezçiligi beýnä duýdansyz zyýan ýetirip biler. Amerikaly alymlar bu madda baý önümleri, esasanam, ýaşlykda ýeterlik mukdarda iýmegiň beýniniň zeperlenmesini haýalladyp biljekdigini ýüze çykardylar...

05.12.2025 17:46
4.3k+

Germaniýanyň Geýdelberg klinikasynyň professory türkmen lukmanlary bilen tejribe alyşýar

Germaniýanyň Geýdelberg uniwersitet klinikasynyň professory Arianeb Mehrabi türkmen kärdeşleri bilen tejribe alyşmak üçin Türkmenistanda iş saparynda bolýar. Dünýä belli klinikanyň lukmany Arkadag şäheriniň köpugurly hassahanasyna baryp gördi we ol ýerde böwregi transplantasiýa edilen näsaglary lukmançylyk barlagyndan geçirdi...

04.12.2025 16:16
6.6k+

Türkmenistanda pandemiýalara taýýarlyk boýunça tejribe okuwlary geçirildi

1-3-nji dekabr aralygynda Aşgabatda Pandemiýalaryň öňüni almak, oňa taýýarlyk, jogap bermek we soňky dikeldiş boýunça Türkmenistanyň Hereketleriň Milli meýilnamasynyň (HMM) taslamasyny jemlemäge gönükdirilen PanPRET atly okuw maslahatlary geçirildi...