Tramp resmi taýdan ABŞ-nyň prezidentligine dalaşgärlige hödürlendi

  • 25.08.2020 18:00
  • 10k+

ABŞ-nyň Respublikanlar partiýasy Donald Trampy ikinji prezidentlik möhletine resmi taýdan dalaşgärlige hödürledi, gurultaýyň sese goýluşygy göni ýaýlymda geçdi. Bu barada RIA Nowosti habaar berýär.

Döwlet baştutany dalaşgärlige hödürlenmek üçin zerur 1276 sesi ýygnady. Şeýle-de bolsa, bu sese goýluşyk formal bir zat bolup durýar, sebäbi entek çynlakaý bäsdeşlik ýok mahaly Tramp respublikanlaryň ozalky saýlawlarynyň ählisinde ýeňiş gazanypdy.
Wise-prezidentlige, öňküsi ýaly, Maýk Pens dalaş etmegini dowam etdirer. Bu barada partiýanyň gurultaýynda biragyzdan karara gelindi.
ABŞ-da Prezident saýlawlary 3-nji noýabrda geçiriler. Saýlawlarda Amerikanyň häzirki lideriniň esasy bäsdeşi demokrat Jo Baýden bolar.

düýn 16:01
1.2k+

BAE OPEK we OPEK+ nebit bileleşiginden çykýar

Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) 1-nji maýdan başlap, OPEK we OPEK+ bileleşiginden çykýar diýip, Reuters habar berýär....

düýn 15:42
787

Türkmenistanda Müsüriň täze ilçisi işe başlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamdi Şaaban......

düýn 15:09
812

Türkmenistanyň DIM-inde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan daşary syýasy işleriň jemleri jemlendi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri ýurduň halkara işjeňliginiň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat......

düýn 08:12
1.6k+

Türkmenistanyň Ilçisi Moldowa Respublikasynyň DIM-iniň Döwlet sekretary bilen duşuşdy

28-nji aprelde Kişinýewde iş sapary bilen bolan Türkmenistanyň Moldowa Respublikasyndaky Ilçisi T.Ataýew (oturýan ýeri Kiýew şäheri) Moldowanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary S.Mihow we......