Tomusda awtoulagy gyzdyrmak zerurmy?

  • 16.08.2020 16:42
  • 30k+

«За рулем» («Rul başynda») žurnalynyň hünärmeni Mihail Kolodoçkin tomusda awtoulagy herekete getirmezden ozal motory gyzdyrmagyň zerurdygy ýa-da ýokdugy baradaky soraga jogap berdi. Muny RIA Nowosti ýetirýär.

Hünärmeniň aýtmagyna görä, awtoulag herekete getirilmezden ozal motor bir minutlap gyzdyrylmaly. Şonuň bilen birlikde hem, awtoulag ýöräp ugrandan soň birnäçe minutlap tizligi aşa artdyrmaly däl.
Kolodoçkiniň belleýşi ýaly, ähli inženerler, şol sanda daşary ýurtly hünärmenler motory gyzdyrmagyň zerurlygy baradaky soragyna hemişe tassyklaýjy jogap berdiler.
Ol gyzdyrylmadyk motoryň temperaturasynyň işläp duran motoryňkydan hatda tomusda-da has pes bolýandygyny, şonuň üçin hereketlendirijidäki ýylylygyň optimal ululyga çalt ýetip bilmeýändigini düşündirdi. Bu porşen halkalary, silindr aýnalary ýaly detallaryň çalt könelmegine getirýär.
Mundan başga-da, islendik motor ýagynyň 20 gradus temperaturadaky şepbeşikligi motoryň işläp duran ýagdaýyndakysyndan has ýokarydyr. Şonuň üçin hem ýagyň sürtülme jübütlerine baryp ýetiş tizligi peselýär.

"Maşynyny ýygy-ýygydan çalyşýan adama motory gyşda-da, tomusda-da gyzdyrmak gerek däl: bir-iki ýyldan ol barybir başga awtoulag ediner. Awtoulagyň indiki eýesine nähili ýagdaýda barjagyna ähmiýet berip hem durmaz. Ýöne awtoulagyny ýygy-ýygydan çalşyp barmaýanlar üçin aladalanmaga esas bar" - diýip, Kolodoçkin sözüni jemledi.

Şeýle hem okap bilersiňiz:

şu gün 12:08
41

Toyota, Kawasaki we Yokohama kazyýetiň üsti bilen ABŞ-dan gümrük pajy sebäpli zyýanynyň öwezini dolmak isleýär

Toyota Tsusho (Toyota Toparynyň bir bölegi), teker öndüriji Yokohama Rubber we mototehnika öndürijisi Kawasaki Motors ýaly dokuz ýapon kompaniýasy ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasyna garşy kazyýete talap arzasyny ýazdylar...

şu gün 06:36
2k+

Toyota 4,0 litrlik V8 hereketlendirijili täze GR GT superkaryny hödürledi

Toyota düýbünden täze GR GT sport awtoulagyny, şeýle hem onuň ýaryş görnüşi bolan GR GT3-i resmi taýdan yglan etdi. Ikinjisi GT3 çempionatyna gatnaşmak we Mercedes-AMG GT bilen bäsleşmek üçin ýörite işlenip düzüldi...

düýn 12:16
1.9k+

Porsche nusgawy modellerde meşhur bolan matalaryň önümçiligini gaýtadan dikeltdi

Germaniýanyň Porsche awtoöndürijisi özüniň nusgawy sport awtomobilleriniň interýerinde ulanylan meşhur mata nagyşlarynyň önümçiligini gaýtadan dikeltdi. Indi assortimentde Pasha, Tartan we Pepita ýaly nagyşlar, şeýle-de beýleki özboluşly matalar bar...

05.12.2025 17:02
7k+

Toyota Corolla 2026 Ýewropada täze ýalpyldysyz Onyx Grey reňkine eýe boldy

Toyota Ýewropa bazary üçin Corolla modeliniň täzelenendigi barada habar berdi. Esasy täzelik bu model üçin ilkinji gezek ulanylan ýalpyldysyz Onyx Grey lak-boýag örtügi boldy. Bu reňk GR SPORT hetçbegi we Touring Sports uniwersaly üçin elýeterli bolar...