Klopp möwsümiň jemi boýunça APL-iň iň gowy tälimçisi diýlip yglan edildi

  • 16.08.2020 13:21
  • 5k+

«Liwerpulyň» tälimçisi Ýurgen Klopp 2019/20-möwsümiň Angliýanyň futbol boýunça premýer-ligasynyň iň gowy tälimçisi diýlip yglan edildi, bu barada turniriň saýtynda habar berilýär. Muny RIA Nowosti agentligi ýetirýär.

Kloppdan başga-da, baýraga Frenk Lempard (“Çelsi”), Brendan Rojers (“Lester”) we Kris Uaýlder (“Şeffild Ýunaýted”) dalaşgärlik etdi. Klopp bu baýragyň eýesi bolan birinji nemes boldy.
Klopp 2019/20-möwsüminde “Liwerpuly” 1990-njy ýyldan bäri Angliýanyň çempionatynda birinji ýeňşine getirdi. Topar 38 duşuşykda 99 utuk gazandy.
Öň, nemes hünärmeni Angliýanyň futbol ligasynyň tälimçiler assosiasiýasy (LMA) tarapyndan ýylyň iň gowy tälimçisi hökmünde jenap Aleks Fergýuson adyndaky baýragyň eýesi diýlip atlandyryldy.

düýn 23:49
946

BoxingScene: Usik indiki tutluşygyny Deonteý Waýlder bilen geçirer

Agyr agram derejesinde öňki absolýut dünýä çempiony Aleksandr Usigiň indiki garşydaşy WBC wersiýasy boýunça dünýäniň öňki çempiony Deonteý Waýlder bolup biler. Bu barada «BoxingScene» neşiri promouter Eddi......

düýn 23:41
1.5k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
6.9k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......