Saglygyňy goramak üçin nagt däl hasaplaşyklary ulanyň — Türkmenistanyň Merkezi banky

  • 16.08.2020 08:45
  • 21k+

Türkmenistanyň Merkezi banky (TMB) ýurdumyzyň ýaşaýjylaryny saglyklaryny goramak üçin nagt däl hasaplaşyk mümkinçiliklerinden has köp peýdalanmaga çagyrdy. Bildiriş «Türkmenistan» gazetinde çap edildi.

«Nagt däl hasaplaşyklar tölegleri has çalt amala aşyrmaga, peýdaly hyzmatlary gije-gündiziň dowamynda ulanmaga we saglyk howpsuzlygyny we serişdeleriň howpsuzlygyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär» diýlip, habarda aýdylýar.

TMB raýatlary internet we Mobile-Bank hyzmatlaryna, elektron söwda platformalaryna we galtaşyksyz tölegleriň mümkinçiligine üns bermäge çagyrdy.
Şeýle-de bolsa, bankomatdan nagt pul almak zerurlygy ýüze çyksa, gorag lukmançylyk maskalaryny ulanmak we nobata duranda 2 metr howpsuz aralygy saklamak maslahat berilýär. TMB öz ýüzlenmesinde:

«Ýokarda görkezilen maslahatlary ulanmak bilen öz saglygyňyzy gorarsyňyz we bank ulgamynyň hyzmatlary tarapyndan döredilen ýeňilliklerden doly peýdalanarsyňyz» - diýýär.

Şeýle hem okap bilersiňiz:

26.06.2026 14:55
2k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.6k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.4k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......