«Halkbank» kartlarynyň ulanyjylaryna keşbek hyzmaty girizildi

  • 12.01.2020 12:36
  • 11k+

2020-nji ýylyň 2-nji ýanwaryndan «Halkbank» TDTB «Altyn Asyr» kartyny — aýlyk kartlaryny ulanyjylarynyň ählisine «keşbek» hyzmatyny birikdirdi. Bu hyzmat ulanyjylary nagt däl hasaplaşyklara höweslendirmekligi maksat edinýär. Eýsem, bu hyzmatyň özeni nämeden ybarat? Bu barada ORIENT habar berýär.
«Keşbek» - bu harytlara we hyzmatlara nagt däl hasaplaşyklar amala aşyrylanda sarp edilen serişdeleriň belli bir bölegini yzyna gaýtarylyp berilmegini aňladýar. Ýagny, sarp edijilik harytlaryny satyn almak, şeýle hem gözellik salonlarynda, awtoussahanalarynda, myhmanhanalarda we ş.m. ýerlerde müşderiler «Altyn Asyr» kartlaryny ulanmak arkaly hasaplaşsalar, onda «Halkbankyň» islendik müşderisi sarp eden serişdesiniň umumy möçberinden 1,5 göterimini yzyna alar.
Dükandan 100 manatlyk haryt aldyňyzmy? Onda siziň kartyňyza 1,5 manat dolanyp geler. Awtomobiliň haýsy hem bolsa bir ýerini bejertmek üçin 2000 manat tölediňizmi? Ýene-de 30 manat yzyna alarsyňyz.
Bir aýyň dowamynda «Altyn Asyr» kartlary arkaly harytlara we hyzmatlara töleg geçirilende täze-täze girdejiler keşbekiň umumy möçberine goşulyp durar. Her aýyň 25-ine bolsa, kartyň hasabyna geçirilip durar.

Habarlaşmak üçin telefonlar: +99312444837, +99312227323

12.05.2026 15:08
4k+

«Birlik» platformasy araçysyz söwda etmegiň aňsat usulyny hödürleýär: özem mugtuna

Biziň döwrümizde söwdanyň netijeliligi gönüden-göni karar kabul edişiň tizligine baglanýar. Emma marketlere, toý mekanlaryna öz tekjelerini doldurmak üçin, üpjün edijilere bolsa harydy ýerlemek üçin elmydama......

12.05.2026 13:52
4k+

«Bereketli Döwür» Italiýada, Kanadada we Rumyniýada okamak isleýänlere ýardam berýär

Daşary ýurtda bilim almak – elýetmez arzuw däl. Emma uly abraýly, dünýä belli uniwersitetlere okuwa girmek dalaşgärler üçin henizem çylşyrymly bir zat bolup görünýär. «Bereketli Döwür Education & Consulting»......

11.05.2026 21:10
4.2k+

«KompleMet» markaly dökünler Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär

«KompleMet» markasynyň organiki-mineral dökünleri Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär....

11.05.2026 09:43
9.5k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: maý aýy bizi tomusa taýýarlaýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....