Tesla Model 3 hytaý bazarynda awtomobilleriň satuwynyň 11%-ini üpjün etdi

  • 14.08.2020 23:48
  • 6.9k+

Tesla Model 3 elektrokaryny şu ýylyň iýulynda elektrokarlaryň hytaý bazarynda 11 014 awtosöýüji satyn aldy. Bu barada CAAM assosiasiýasyna salgylanyp, Regnum agentligi habar berýär.

Şeýlelik bilen, Model 3 elektrokarynyň söwdasy Hytaýyň awtobazarynda täze elektrokarlaryň satuwynyň 11%-ine barabar boldy. Umumy alanyňda, bu döwürde amerikan brendiniň hytaý kärhanasyndan döwrebap enjamlary hem-de howpsuzlygyň we ygtybarlylygyň ýokary görkezijisi bilen tapawutlanýan modeliň 12 570 sanysy çykaryldy.
HHR-de iýul boýunça jemi 100 müň sany elektrokar çykaryldy, bu şu ýylyň iýun aýyndaka garanda 2,4% azdyr. Olardan 98 müň töweregi satyldy (-5,5%). Alnan görkeziji hytaý bazarynda satylan ulaglaryň umumy göwrüminiň 19,3%-ini eýeleýär.
Öň, Tesla kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ilon Mask Twitter torunda özüniň sahypasynda kompaniýanyň ýewropa bazary üçin Cybertruck has ykjam elektrik pikapyny çykarmakçydygyny habar berdi.

düýn 10:59
1.9k+

Londonyň meşhur etraplary Range Rover-iň ýörite modellerinde janlandyryldy

Land Rover kompaniýasy Britaniýanyň paýtagtynyň iň meşhur ýerlerine bagyşlanan Range Rover awtoulaglarynyň eksklýuziw tapgyryny tanyşdyrdy. Bu täze seriýanyň ilkinji wekilleri bolan Range Rover Evoque Hoxton we Range Rover Velar Belgravia ýazyň ahyrynda satuwa çykarylar...

düýn 10:55
1.5k+

Chevrolet Corvette ZR1X ABŞ-nyň iň çalt önümçilik awtoulagy diýlip ykrar edildi

Chevrolet Corvette ZR1X Amerikada öndürilen iň çalt önümçilik awtoulagy hökmünde täze rekord goýdy. Superkar çärýek mil (402 metr) aralygy bary-ýogy 8,675 sekuntda geçip, pellehanada sagatda 256 km tizlige ýetdi...

20.01.2026 22:45
10k+

Toyota Hiace soňky 13 ýylda iň uly täzelenmäni aldy

Toyota ýapon bazary üçin Hiace furgonynyň täzelenen görnüşini hödürledi. Onuň satuwy 2026-njy ýylyň 2-nji fewralynda başlar. Ýaponiýada modeliň häzirki nesli 2004-nji ýyldan bäri çykarylýar. Galan ýurtlarda Hiace-yň nesli 2019-njy ýylda üýtgedildi...

20.01.2026 13:20
9.3k+

Germaniýada benzinde işleýän Toyota we Lexus-larda hereketlendirijini uzakdan otlamak funksiýasy ýatyryldy

Germaniýada Toyota we Lexus markalarynyň mobil goşundylarynda hereketlendirijini uzak aralykdan otlamak funksiýasy öçürildi. Bu çäklendirme diňe benzin bilen işleýän awtoulaglara degişli bolup, Bild neşiriniň habaryna görä, üýtgeşme müňlerçe ulag eýesine täsir etdi...