Tesla Model 3 hytaý bazarynda awtomobilleriň satuwynyň 11%-ini üpjün etdi

  • 14.08.2020 23:48
  • 7.1k+

Tesla Model 3 elektrokaryny şu ýylyň iýulynda elektrokarlaryň hytaý bazarynda 11 014 awtosöýüji satyn aldy. Bu barada CAAM assosiasiýasyna salgylanyp, Regnum agentligi habar berýär.

Şeýlelik bilen, Model 3 elektrokarynyň söwdasy Hytaýyň awtobazarynda täze elektrokarlaryň satuwynyň 11%-ine barabar boldy. Umumy alanyňda, bu döwürde amerikan brendiniň hytaý kärhanasyndan döwrebap enjamlary hem-de howpsuzlygyň we ygtybarlylygyň ýokary görkezijisi bilen tapawutlanýan modeliň 12 570 sanysy çykaryldy.
HHR-de iýul boýunça jemi 100 müň sany elektrokar çykaryldy, bu şu ýylyň iýun aýyndaka garanda 2,4% azdyr. Olardan 98 müň töweregi satyldy (-5,5%). Alnan görkeziji hytaý bazarynda satylan ulaglaryň umumy göwrüminiň 19,3%-ini eýeleýär.
Öň, Tesla kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ilon Mask Twitter torunda özüniň sahypasynda kompaniýanyň ýewropa bazary üçin Cybertruck has ykjam elektrik pikapyny çykarmakçydygyny habar berdi.

düýn 18:17
1.5k+

Ford-yň syrly Mustang modeli Nýurburgringde täze aýlaw rekordyny goýdy

Ford konserni meşhur Nýurburgring ýolunda Ford Mustang GTD Competition ýörite wersiýasynyň täze rekord goýandygyny resmi taýdan yglan etdi....

düýn 15:56
1.9k+

Mask «altyn eýýamy» wada berdi: «Kebelek ganatly» Tesla Cybercab 2026-njy ýylda çykar

Ilon Mask köpçülikleýin önümçiligi 2026-njy ýyla meýilleşdirilen Tesla Cybercab modeliniň çykmagyna taýýarlyk bilen baglylykda «altyn eýýamyň» başlanýandygyny yglan etdi. Kompaniýanyň ýolbaşçysy bahasy 30 000......

düýn 10:28
3.6k+

Ford we Linkoln kompaniýalary awtoulaglary yzyna çagyrmakda öňdeligi eýeleýärler, olaryň tas 20 million awtoulagy yzyna çagyryldy

Amerikanyň Ford awtoulag öndürijisi yzyna çagyran awtoulaglarynyň sany boýunça öňdeligi eýeledi. iSeeCars seljeriş kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň aprelinden 2026-njy ýylyň martyna çenli......

23.04.2026 20:36
1.3k+

Tesla kompaniýasy Model S we Model X modellerini çykarmagyny ýörite tapgyr bilen tamamlar

Tesla kompaniýasy Model S we Model X modelleri üçin jemleýji boljak çäklendirilen Signature Edition tapgyrynyň çykarylýandygyny yglan etdi....