Mark Sukerberg birinji ýüz milliard dollaryny gazandy

  • 10.08.2020 16:01
  • 8.9k+

Dünýäniň iň baý adamlaryndan biri bolan Facebook toruny esaslandyryjy Mark Sukerbergiň baýlygy ýüz milliard dollardan geçdi. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

Mark Sukerberg 23 ýaşynda milliardyň eýesi boldy. 36 ýaşynda ol baýlygyny ýüz milliarda ýetirdi. Bloomberg Billionaires Index reýtinginiň görkezijisine laýyklykda, 100 milliard dollardan gowrak baýlyga Amazon kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jeff Bezos we Microsoft-yň ýolbaşçysy Bill Geýts hem eýeçilik edýär. Soňky ýylyň içinde Sukerberg $22 mlrd, Bezos bolsa $75 mlrd baýady.
Sukerbergiň baýlygy bäsdeş programmasy TikTok-yň gadagan edilendigi baradaky habar ýaýrandan soň ösdi. 5-nji awgustda internet tory Instagram Reels gysga wideolaryň serwisini tutuş dünýä boýunça 50-den gowrak ýurtda işe girizýändigi barada habar berdi.
Häzir ABŞ-nyň iň uly tehnologik kompaniýalarynyň bäşligi, ýagny Apple, Amazon, Alphabet (Google), Facebook we Microsoft ABŞ-nyň jemi içerki önüminiň, takmynan, 30%-ine deň bolan bazar bahasyna eýe. Bu 2018-nji ýyldakydan tas iki esse köp.
Koronawirus pandemiýasy tutuş dünýä boýunça uly tehnologik kompaniýalaryň ýolbaşçylarynyň maddy ýagdaýynyň hem ösmegine ýardam etdi. Meselem, Tencent Holdings Ltd. (Hytaý) kompaniýasynyň baş müdiri Poni Ma $17 mlrd gazandy, Pinduoduo Inc. (Hytaý) kompaniýasyndan Kolin Huanyň baýlygy bolsa $13 milliarddan $32 milliarda çenli ýokarlandy.

Şeýle hem okap bilersiňiz:

şu gün 00:07
302

1X startapy ýylda 100 müň öý robotyny öndürjek zawod açdy

Norwegiýanyň 1X Technologies startapy Kaliforniýa ştatynyň Heýword şäherinde «Neo» atly gumanoid (adampisint) robotlary öndürýän zawodyny açdy....

11.05.2026 23:23
2.1k+

Warner Bros. Discovery $2,92 mlrd ýitgi çekdi

Warner Bros. Discovery (WBD) kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi boýunça 2,92 milliard dollar möçberinde ýitgi çekendigi barada hasabat berdi. Ýitgileriň esasy bölegi Netflix bilen şertnamany ýatyrmak......

11.05.2026 18:18
974

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......

10.05.2026 19:42
1.7k+

LEGO «Harri Potteriň» 25 ýyllygyna sekiz sany täze toplum çykarar

LEGO kompaniýasy «Harri Potter» franşizasy boýunça seriýanyň 25 ýyllygyna bagyşlanan sekiz sany täze toplumyň çykaryljakdygyny yglan etdi. Ilkinji bäş toplum 1-nji iýunda, galan üçüsi bolsa 1-nji awgustda......