Türkmen alymlary galyndylardan antiseptik almagyň tehnologiýasyny hödürlediler

Türkmen alymlary galyndylardan antiseptik almagyň tehnologiýasyny hödürlediler

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň işgärleri çakyr hem-de şeker önümçiliginiň galyndylaryndan organiki birleşme - izopropanol (izopropil alkogoly) öndürmegiň tehnologiýasyny işläp taýýarladylar. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Institutyň barlaghanasynyň müdiri Esker Annahanowyň düşündirişi ýaly, izopropil alkogoly güýçli antiseptiki işjeňlige eýedir we etil spirtine derek giňden ulanylýar. Lukmançylykda, kosmetologiýada, parfýumeriýada, öý üçin himiýa serişdelerinde, awtoulaglar üçin ekrany ýuwujy suwuklyk we antifriz önümçiliginde ondan peýdalanylýar.
Aşgabadyň Büzmeýin etrabynda ýerleşýän zyýansyzlandyryş erginlerini öndürýän kärhanada import edilýän izopropanol bu ýerde öndürilen şahsy arassaçylyk önümleriniň esasy bölegi (70%) hökmünde ulanylýar.
Alymlar - himikler izopropil alkogolyny öndürmek üçin ýerli çig maly - ýurduň çakyr zawodlarynda distilýasiýa wagtynda alynýan galyndy ýaglary ulanmagy teklip etdiler.
Ylmy gözlegler we organiki maddalaryň tejribe taýdan öndürilmegi Himiýa institutynyň, zyýansyzlandyryş erginlerini öndürýän kärhananyň we paýtagtyň Büzmeýin etrabynda ýerleşýän çakyr önümçiligi kärhanasynyň arasynda baglaşylan üç taraplaýyn şertnamanyň çäginde geçirildi. Çig mal Mary şeker zawody tarapyndan üpjün edildi.
Kärhananyň rektifikasion kolonnasynda barlag arassalamasynyň dowamynda galyndy ýaglardan 96,5 gradus güýji bolan 700 dekalitrden gowrak izopropil alkogoly bugardyldy. Ýerli çig mal ulanylanda, zyýansylandyryş serişdesiniň özüne düşýän gymmaty import edilýän analogdan birnäçe esse pesdir diýlip çaklanylýar.
Esker Annakhanow galyndy ýaglary arassalamak we bugartmak döwründe has peýdaly himiki birleşmeleri, hususan-da, hloruň ornuny tutup biljek güýçli zyýansyzlandyryş önümlerini almak mümkin diýip hasaplaýar. Synagda alnan bu maddalaryň dürli konsentrasiýalarynyň birnäçe erginleri, antibakterial häsiýetlerini barlamak üçin sanitariýa we epidemiologiýa stansiýasyna geçirildi.