Liwanyň Prezidenti Beýrutdaky partlamanyň mümkin bolan üç sebäbini aýtdy

Liwanyň Prezidenti Beýrutdaky partlamanyň mümkin bolan üç sebäbini aýtdy

Liwanyň Prezidenti Mişel Aun Beýrutyň portundaky partlamanyň sebäbi boýunça üç garaýşyň bardygyny aýtdy. Prezidentiň sözleri onuň resmi saýtynda getirilýär. Bu barada gazeta.ru habar berýär.

Aun bir garaýyş boýunça, “daşyndan goşulmak mümkinçiliginiň bardygyny” belledi. Partlamanyň sebäbi bomba ýa-da raketa bolup biler diýlip çaklanylýar.

“Men Fransiýanyň Prezidentinden aero-fotosuratlar fransuzlara elýeterli bolsa, biziň howada uçarlaryň ýa-da raketalaryň bolandygyny anyklap bilmegimiz üçin, olaryň bize berilmegini hut özüm soradym” – diýip, Aun aýdýar.

Eger-de Fransiýa suratlary berip bilmese, Liwan beýleki döwletlerden hem sorar. Galan iki sebäp sowuk-salalygy ýa-da heläkçilikli wakany göz öňünde tutýar diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär. Prezidentiň aýtmagyna görä, suratlar partlamanyň hakyky sebäbini anyklamaga kömek eder.
Prezident “Beýruty öňki görnüşindenem has gözel etmek üçin” şäheri dikeltme işlerine başlajakdygyna wada berdi.
4-nji awgustda Beýrutyň portunda güýçli partlama bolup geçdi. Pajygaly wakanyň netijesinde 5 müňden gowrak adam ýaralandy. Soňky maglumatlar boýunça, 154 adam ýogaldy. Şäherde adatdan daşary ýagdaý yglan edildi. Bu ýagdaý ýurtda koronawirus pandemiýasynyň dowam edýändigi bilen hem ýaramazlaşýar. Liwanyň premýer-ministri Hassan Diabyň aýtmagyna görä, partlamanyň sebäbi zerur bolmadyk 2 750 tonna ammiak selitrasynyň saklanmagy boldy.
Şäheriň gubernatory Marwan Abbud wakanyň ýetiren ýitgisini $3-5 mlrd diýip bahalandyrdy.

Şeýle hem okap bilersiňiz:
Türkmenistanyň Prezidenti Beýrutda bolup geçen partlama zerarly Liwanyň Prezidentine gynanç bildirdi