Türkmenistanyň Prezidenti Beýrutda bolup geçen partlama zerarly Liwanyň Prezidentine gynanç bildirdi

  • 05.08.2020 23:09
  • 18k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Liwan Respublikasynyň Prezidenti Mişel Auna Beýrutyň portunda bolup geçen partlama netijesinde köp sanly adam pidalary, şikes ýetmeleri hem-de uly möçberli weýrançylyklar zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutany şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.
Soňky maglumatlara görä, partlama zerarly azyndan 135 adam aradan çykdy. Bu barada Liwanyň Saglygy goraýyş ministrligine salgylanyp, çarşenbe güni Al Jazeera teleýaýlymy habar berýär. Ejir çekenleriň sany 5 müňe ýetdi, onlarça adam dereksiz ýiten diýlip hasaplanylýar.

Belläp geçsek, sişenbe güni Liwanyň Harby deňiz güýçleriniň bazasynyň golaýynda Beýrutyň deňiz portunda uly partlama bolup geçdi. Partlama tolkuny netijesinde onlarça öýler, awtomobiller ýok edildi we ýumruldy. Şäheriň etraplarynyň aglabasynyň aýnalary pytrady.
Ýerli häkimiýetiň berýän maglumatlaryna görä, gümrük gullugy tarapyndan 2015-nji ýylda ele salnyp, ammarda saklanylan 2,7 müň tonna ammiak selitrasy partlamanyň sebäbi bolup biler. Liwanda matam yglan edildi. Şähere iki hepdelik adatdan daşary ýagdaý girizildi.

düýn 20:17
5.6k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.5k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.8k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......