Türkmenistan we Bahreýn koronawirus pandemiýasyna garşy tagallalary utgaşdyrmagyň wajyplygyny maslahatlaşdy

  • 08.07.2020 11:38
  • 8.4k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Bahreýn Patyşalygynyň Daşary işler ministri Abdul Latif bin Raşid Al Zaýani bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly geçiren geňeşmelerinde sebitleýin gün tertibi hem-de iki dostlukly döwletiň koronawirus pandemiýasyna garşy giň gerimli göreş alyp barmaga gönükdirilen tagallalarynyň utgaşdyrylmagynyň wajyplygy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň we Bahreýniň DIM-niň ýolbaşçylary döwletara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini, şeýle-de abraýly halkara guramalarynyň çäklerindäki özarahereketleriň ýygjamlaşdyrylmagy dogrusynda pikirleri alyşdylar. Parlamentara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynyň zerurlygy hem bellenilip geçildi. Ministrler ýokary derejede öň gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilişiniň depginine aýratyn ünsi çekdiler.
Şeýle-de bilelikdäki işewürlik-forumlarynyň guramaçylygynyň, energetika we gazhimiýa ýaly ileri tutulýan pudaklarda hyzmatdaşlyk etmegiň möhüm ähmiýeti bellenildi.

düýn 20:41
7.9k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

düýn 20:15
1.2k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......

11.05.2026 22:55
882

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

11.05.2026 18:16
4.4k+

Fransiýada elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi

Fransiýada Gün energiýasynyň rekord derejede öndürilmegi sebäpli, elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi....