XXI asyryň iň gowy romanlary belli edildi

  • 13.02.2020 21:56
  • 3k+

XXI asyryň iň gowy romanlarynyň reýtingini düzmäge ýüzlerçe edebi tankytçylar gatnaşdy. 2000-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan iňlis dilinde “ýagtylyga çykan” iň gowy romanlaryň sanawy The New York Times, Time, Newsday, Bookslut, The Millions ýaly meşhur neşirleriň abraýly tankytçylaryna hödürlenilipdi. Bu barada BBC salgylanmak bilen cursorinfo.co.il habar berýär.
Meşhurlygy boýunça birinji orunda dominikan gelip çykyşly amerikaly Juno Diasyň (Hunot Dias) “Oskar Waonyň gysga we täsin dünýäsi” (Короткая и удивительная жизнь Оскара Вао) romany ýerleşdi. Eser 2018-nji ýylyň Pulitser baýragyna hödürlenilipdi.
Juno Dias Dominikan Respublikasynyň paýtagty Santo-Domingoda dogulýar. Ol alty ýaşynda mahaly onuň maşgalasy ABŞ-a göçýär we Nýu-Jerside ornaşýar.
Diasy meşhur eden roman 2007-nji ýylda çykýar. Bu kitap Ştatda hite öwrülýär.
“Oskar Wao latyn amerikalylaryň öz ata-babalarynyň medeniýeti, dili, taryhy bilen goldaýan berk arabaglanyşyklaryň subutnamasy bolup çykyş edýär. Şeýle-de, roman amerikalylar kim we amerikaly bolmak nämäni aňladýar diýen ýaly möhüm soragy hem orta atýar. Dominikan taryhyndan, komikslerden, ylmy fantastikalardan, örän güýçli realizmden we çeperçilik sitatalardan ybarat bolan Diasyň eseri arassa lezzet hasaplanylýar” – diýip, tankytçy Greg Barrios belleýär.
XXI asyryň iň gowy romanlarynyň 12-ligi:
1. Amerikan ýazyjysy Juno Diasyň “Oskar Waonyň gysga we täsin durmuşy” romany (2007);
2. Amerikaly žurnalist, romançy we nowellaçy Edward Pol Jonsuň “Belli dünýä” romany (2003);
3. Britan ýazyjysy, edebiýat tankytçysy Hilari Manteliň “Wulfgoll” romany (2009);
4. Amerikaly ýazyjysy Merilin Robinsonyň “Galaad” romany (2004);
5. ABŞ-dan ýazyjy-romançy Jonatan Franzeniň “Düzedişler” romany (2001);
6. Amerikaly yazyjy we ssenariýeçi Maýkl Şeýbonyň “Kawaler we Kleýiň täsin syýahaty” romany (2000);
7. Amerikaly ýazyjy Jennifer Eganyň “Damak çalyjylar otrýadynyň sapary” romany (2010);
8. Ben Faunteýniň “Billi Linniň futbol arakesmesi wagtyndaky uzak gezelenji” romany (2012);
9. Britan ýazyjysy, ssenariýeçi we dramaturg Ýen Makýueniň “Günäňi ýuwmak” romany (2001);
10. Niger romançysy we lektor Çinamand Ngoz Adiçiň “Sary Günüň ýarysy” romany (2006);
11. Iňlis ýazyjysy Zed Smitiň “Ak dişler” romany (2000);
12. Amerikaly Jeffr Ewgenidisiň “Orta jyns” romany (2002).

şu gün 00:07
816

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......

şu gün 00:03
567

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 23:56
1.3k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......

düýn 23:53
886

Korol Karl III Bukingem köşgüne dolanmakdan ýüz dönderdi

Beýik Britaniýanyň koroly Karl III we şa zenany Kamilla Bukingem köşgüniň abatlaýyş işleri doly tamamlanyp, taýyn bolandan soň hem ol ýerde ýaşamazlar. Bu barada The Daily Beast neşiri habar berýär....