UFC-niň prezidenti Nurmagomedow — Makgregor rewanşynyň boljak senesini atlandyrdy

  • 03.02.2020 11:15
  • 14k+

UFC-niň prezidenti Dana Uaýt Russiýanyň ýeňil agram kategoriýasy boýunça UFC-niň çempiony Habib Nurmagomedow bilen titulyň ozalky eýesi irlandiýaly Konor Makgregoryň arasynda gaýtadan geçiriljek göreşiň takmyn senesini atlandyrdy. Habib bilen Konoryň arasynda geçirilmegi mümkin bolan rewanş 2020-nji ýylyň güýzünde bolar.
— Habib we Toni Fergýuson Bruklinde göreşerler. Konor bolsa ýeňiji bilen göreş geçirer. Konor häzir garaşmak islemeýändigini aýdýar, ýöne men onuň üçin haýsy göreşiň manysynyň bardygyny bilemok. Oraza hem Habib bilen Toniniň göreşinden soň başlaýar. Ol onuň gutarmagyna garaşar, şonuň üçin biz güýzi göz öňünde tutýarys. Sentýabr, oktýabr, noýabr — diýip, Uaýt aýdýar.
Nurmagomedow bilen Makgregoryň ilkinji göreşi 2018-nji ýylyň oktýabrynda geçirildi we ol russiýaly türgeniň ýeňmegi bilen tamamlandy.
Indiki göreşinde Habib Toni Fergýuson bilen 2020-nji ýylyň 18-nji aprelinde duşuşar. Makgregor 18-nji ýanwarda birinji raundda nokaut bilen Donald Serronäni ýeňip, oktagona dolandy.

şu gün 18:50
2.4k+

Braziliýada dünýä çempionatynyň geçýän ýerinde ýangyn döredi

Rio-de-Žaneýro şäherinde ýetginjekleriň we kadetleriň arasynda geçirilýän gylyçlaşmak boýunça dünýä çempionaty wagtynda ýangyn ýüze çykdy. Netijede, olimpiýa welodromynyň üçegi doly ýanyp, weýran boldy. Bu......

şu gün 18:35
2.1k+

«Barselona» – «Atletiko» oýnunyň baş emini işden çetleşdirildi

UEFA Çempionlar ligasynyň 1/4 finalynyň «Barselona» we «Atletiko» toparlarynyň arasyndaky duşuşygynyň baş emini Iştwan Kowajy möwsümiň ahyryna çenli işden çetleşdirdi. Bu çözgüt katalon klubunyň Madridiň......

şu gün 18:32
659

Türkmen boksçysy Döwlet Yslamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

Türkmen boksçysy Döwlet Yslamow Mongoliýanyň paýtagty Ulan-Bator şäherinde World Boxing guramasynyň howandarlygynda geçirilen 2026-njy ýylyň Aziýa çempionatynda bürünç medala mynasyp boldy....

şu gün 12:17
2.5k+

Ýewropa ligasynyň 1/4 finaly: «Fraýburg» we «Aston Willa» ýarym finala bir ädim golaýlady

UEFA-nyň Ýewropa ligasynyň we Konferensiýa ligasynyň çärýek finalynyň ilkinji duşuşyklary geçirildi....