Türkmen boksçysy Döwlet Yslamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

  • 10.04.2026 18:32
  • 4.1k+

Türkmen boksçysy Döwlet Yslamow Mongoliýanyň paýtagty Ulan-Bator şäherinde World Boxing guramasynyň howandarlygynda geçirilen 2026-njy ýylyň Aziýa çempionatynda bürünç medala mynasyp boldy.

Agyr agram derejesinde çykyş eden türgen baýraga barýan ýolda ýarym finala çenli ýetmegi başardy we şol tapgyrda Gazagystanyň wekili Aýbek Oralbaýdan ýeňildi. Duşuşykdan soň ol Yslamowyň taýýarlyk derejesini we onuň görkezýän ösüşini aýratyn belledi. Finalda Aýbek Hytaýyň wekili Danabek Baýkonys bilen duşuşyp, 5:0 hasabynda ýeňiş gazandy.

Ýaryşa Aziýanyň dürli ýurtlaryndan 200-e golaý boksçy gatnaşyp, olar 20 baýrak toplumy ugrunda bäsleşdi.

şu gün 01:00
333

Magnus Karlsen 21 ýyldan bäri ilkinji gezek yzly-yzyna dört oýunda utuldy

Norwegiýaly grossmeýster Magnus Karlsen 2005-nji ýyldan bäri ilkinji gezek yzly-yzyna dört oýunda utuldy. Bu şowsuzlyklar tapgyry 2026-njy ýylda Gonkongda geçirilen rapid we blitz boýunça dünýäniň toparlaýyn......

düýn 19:42
730

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

düýn 17:01
5.5k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

düýn 14:17
5.6k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....