Ýewropa ligasynyň 1/4 finaly: «Fraýburg» we «Aston Willa» ýarym finala bir ädim golaýlady

  • 10.04.2026 12:17
  • 4.4k+

UEFA-nyň Ýewropa ligasynyň we Konferensiýa ligasynyň çärýek finalynyň ilkinji duşuşyklary geçirildi.

Ýewropa ligasynda öz öýünde ýeňiş gazanan ýeke-täk klub bolan «Fraýburg» jogap oýnunyň öňüsyrasynda özüni uly artykmaçlyk bilen üpjün etdi. Şeýle hem Unai Emeriniň tälim berýän «Aston Willa» topary myhmançylykda «Bolonýany» utup, gowy netije görkezdi.

Oýunlaryň netijeleri:

  • «Braga» — «Betis» — 1:1 (Grilliç, 5; Kuço, 61 – penaltiden).
  • «Bolonýa» — «Aston Willa» — 1:3 (Rou, 90; Konsa, 44, Uotkins, 51, 94+).
  • «Portu» — «Nottingem Forest» — 1:1 (Wilýam Gomes, 11; Martim Fernandeş, 13-awtogol).
  • «Fraýburg» — «Selta» — 3:0 (Grifo, 10, Beste, 32, Ginter, 78).

Jogap oýunlary bir hepdeden soň, 16-njy aprelde agşam we 17-nji aprele geçilýän gije Sewilýada, Birmingemde, West-Brijfordda we Wigoda geçiriler.

Konferensiýa ligasynyň oýunlary bolsa kabul edýän taraplaryň ynamly ýeňişleri bilen tamamlandy (Doneskiň «Şahtýory» Krakowdaky bitarap meýdançada uly hasap bilen ýeňiş gazandy).

Oýunlaryň netijeleri:

  • «Raýo Walýekano» — AEK Afiny — 3:0 (Ahomaş, 2, Unai Lopes, 47+, Palason, 74 – penaltiden).
  • «Kristal Pelas» — «Fiorentina» — 3:0 (Mateta, 24 – penaltiden, Mitçell, 31, Sarr, 91+).
  • «Maýns» — «Strasbur» — 2:0 (Sano, 11, Poş, 19).
  • «Şahtýor Donesk» — AZ — 3:0 (Pedrinýo, 72, Alisson, 81, 83).

Jogap duşuşyklary 16-njy aprelde agşam we 17-nji aprele geçilýän gije bolar.


düýn 15:42
6.7k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
13k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

20.06.2026 14:48
12k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
9k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......