Mýanmadaky partlama netijesinde 50-ä golaý adam heläk boldy

  • 01.06.2026 20:14
  • 7.7k+

Mýanmanyň demirgazyk-gündogaryndaky binalaryň birinde bolan güýçli partlama netijesinde 46 adam wepat boldy, olaryň alty sanysy çagalardyr. Şeýle hem ýene-de 74 adam şikes alyp, Namhkam okrugynyň hassahanasyna ýerleşdirildi. Bu barada wakanyň bolan ýerinde işlän halasgärlere salgylanyp, Associated Press we The Washington Post (WP) habar berýär.

Partlama 31-nji maýda gündiz Namhkam okrugynyň Kaungtup obasynda boldy. Halasgärleriň berýän maglumatlaryna görä, şol binada magdan gazyp alyjy senagatda ulanylýan partlaýjy maddalar (käbir maglumatlara görä, gelignit) saklanan bolup biler. Wakanyň anyk sebäpleri häzirki wagtda derňelýär.

Şol günüň agşamyna çenli halasgärler wepat bolanlaryň 46 sanysynyň jesedini tapdy. Gözleg-halas ediş çäreleri häzirki wagtda hem dowam etdirilýär.

Halasgärleriň biriniň aýtmagyna görä, partlama ilatly punkta hem örän uly zyýan ýetirdi: wakanyň bolan ýeriniň golaýynda ýerleşýän 100-den gowrak ýaşaýyş jaýyna zeper ýetdi.

Bu wakanyň ýüze çykan sebiti Hytaýyň serhedinden, takmynan, üç kilometr günortada ýerleşýär.


20.06.2026 14:57
6.5k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....

19.06.2026 10:08
3.3k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

17.06.2026 11:34
5.8k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....