Meksikadaky stadionda Peläniň 9 metrlik heýkeli oturdyldy

  • şu gün 11:08
  • 891

2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynyň öň ýanynda, Meksikanyň Gwadalahara şäherindäki meşhur «Halisko» stadionynyň öňünde futbol şasy Peläniň boýy 9 metrlik bürünç heýkeli goýuldy.

Ägirt uly ýadygärligi ýörite gurluşyk kranynyň kömegi bilen oturtdylar. Ýerli ýaşajylaryň we tomaşaçylaryň gözüniň öňünde işçileriň heýkeli nädip ýerleşdirendigi asmandan we ýerden wideo düşürildi.

Bu täsin heýkeli meksikaly meşhur suratçy we heýkeltaraş Alehandro Welasko ýasady. «La Canarinha» diýlip atlandyrylan bu eserde Peläniň 1970-nji ýylda Meksikada geçirilen Dünýä çempionatynda Braziliýanyň ýygyndysynyň çempionlygyny şatlyk bilen baýram edişi şekillendirilýär.

Peläniň taryhy ýeňşine şaýat bolan «Halisko» stadiony öňümizdäki 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynyň oýunlaryny kabul etjek esasy arenalaryň biri bolar.


düýn 21:54
3.2k+

UEFA Ýewropa çempionatlarynyň saýlama tapgyrynyň tertibini üýtgetdi

UEFA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti Stambulda geçiren mejlisinde erkekleriň milli ýygyndylary üçin saýlama ýaryşlarynyň täze tertibini tassyklady. Üýtgetmeler 2028-nji ýyldaky Ýewropa çempionatyndan soň güýje......

düýn 20:21
6.1k+

«Gitmegimiň sebäbini soramaň»: Gwardiola uly abraý bilen «ManSitini» terk edýär

«Mançester Siti» kluby baş tälimçi Hosep Gwardiolanyň şu tomusda topardan gitjekdigini resmi taýdan yglan etdi. Ispaniýaly hünärmen 2016-njy ýylyň iýul aýyndan bäri kluba ýolbaşçylyk edip, baş tälimçi......

düýn 11:36
4.8k+

«Býörnli» APL-dan aşaky liga düşse-de, çempion bolan «Barselonadan» köp gazanar

Angliýanyň Premýer-ligasynda 19-njy orny eýelän «Býörnli» kluby Çempionşipe düşer we möwsümiň netijeleri boýunça töleg hökmünde takmynan 50 million funt sterling (57,5 million ýewro) alar....

21.05.2026 23:19
7.2k+

FIFA Eýranyň 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatyna gatnaşmagy üçin kepillik berdi

Eýranyň Daşary işler ministrligi ýurduň milli ýygyndysynyň ABŞ-nda, Kanadada we Meksikada geçiriljek 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin Halkara futbol federasiýasyndan (FIFA) kepillik alandygyny......