Müsür aramgähindäki mumiýanyň içinden «Iliada» poemasyndan bölek bolan papirus tapyldy

  • 22.04.2026 15:21
  • 8.7k+

Barselona uniwersitetiniň Ýanyndaky Gadymy Ýakyn Gündogar institutynyň arheologlar topary Müsüriň El-Minýa welaýatynda geçirilen ekspedisiýanyň dowamynda Gomeriň «Iliada» poemasyndan bölek bolan üýtgeşik papirusy tapdy diýip, Arkeonews neşiri habar berdi.

Tekst El-Bahnasa ilatly nokadynda ýerleşýän, takmynan, 1,6 müň ýyllyk taryhy bolan Rim döwrüniň aramgähindäki mumiýanyň içinden tapyldy.

Uniwersitetiň metbugat relizinde bellenilişi ýaly, bu arheologiýa taryhynda grek edebi tekstiniň bedeni balzamlamak prosesine ýöriteläp goşulmagy bilen bagly hasaba alnan ilkinji ýagdaýdyr.

Tapyndy 2025-nji ýylyň noýabr-dekabr aýlarynda Maýte Maskortyň we Ester Ponsuň ýolbaşçylygyndaky missiýanyň dowamynda ýüze çykaryldy, papirusyň jikme-jik seljermesi bolsa 2026-njy ýylyň başynda tamamlandy.

Mumiýanyň garyn boşlugyna ýerleşdirilen bölekde «Iliadanyň» Troýa ugran grek flotuny beýan edýän «Gämileriň sanawy» diýlip bilinýän ikinji kitabyndan bir bölek bar.

Gözlegçileriň pikiriçe, papirusyň synanyň içine ýöriteläp ýerleşdirilmegi klassyky edebiýatyň o dünýä baradaky düşünjeler ýa-da merhumyň şahsyýeti bilen baglanyşygynyň bardygyny görkezip biler.

Gazuw-agtaryş işleri geçirilen gadymy Oksirinh şäheriniň çäginde, şeýle hem diliň şekilindäki altyn tumarly mumiýalar we içinde ýakylan galyndylary saklaýan gaply üç sany jaýlama otagy tapyldy.

Mundan başga-da, arheologlar bürünçden we terrakotadan ýasalan heýkeljikleri, şol sanda Garpokrat we Kupidon hudaýlarynyň şekillerini ýüze çykardy.

Müsüriň Gadymy ýadygärlikler boýunça ýokary geňeşiniň baş sekretary Hişam El-Leýti bu görnüşli tapyndylaryň grek medeniýetiniň Oksirinhdäki ýokary gatlaga uly täsir edendigini we ýerli ilatyň antik edebi däpler bilen işjeň gatnaşykda bolandygyny delillendirýändigini nygtady.


şu gün 12:33
3.6k+

Norwegiýada alty ýaşly oglanjyk wikingleriň 1300 ýyllyk gylyjyny tapdy

Norwegiýaly alty ýaşly mekdep okuwçysy synpdaşlary bilen gezelenç wagty, takmynan, 1300 ýyl bäri ýeriň astynda ýatan wikingler döwrüne degişli gadymy gylyjy tapdy....

11.05.2026 18:12
980

Wenada «Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň açylyş dabarasy boldy

10-njy maýda Wenada «Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň resmi açylyş dabarasy geçirildi. Bäsleşigiň gatnaşyjylary «Burgteatrdan» şäher häkimligine çenli uzalyp gidýän pöwrize reňkli halyň üstünden ýöräp......

09.05.2026 13:34
1.9k+

Parižde eýeleri uruş ýyllarynda ýiten gymmatbaha sungat eserleriniň sergisi açyldy

Parižiň Orse muzeýinde Ikinji jahan urşy döwründe ýitirilen we uruş gutarandan soň Germaniýada tapylan sungat eserleriniň sergisi açyldy. Bu sergi, eýeleri henize çenli näbelli bolan eserlere bagyşlanýar....

07.05.2026 19:52
7.4k+

Dünýäniň iň gadymy döwletleri: olar haýsy ýurtlar we näçe ýaşynda?

Taryhçylaryň arasynda bu mesele boýunça häli-şindi dürli pikirleriň ýüze çykyp durýandygy dünýäniň iň gadymy döwletini kesgitlemekde bitewi bir garaýyşyň öňe sürülmegine ýol berenok. Şonuň üçin bu babatdaky......