Maýýa siwilizasiýasynda diş plombalamagyň ilkinji alamatlary tapyldy

  • 22.04.2026 16:58
  • 4.7k+

Alymlar maýýa siwilizasiýasynyň wekillerinde azy dişiniň plombalanmagy bilen bagly ilkinji subutnamalary ýüze çykardylar. Barlagyň netijeleri Journal of Archaeological Science: Reports žurnalynda çap edildi.

Gürrüň aşaky azy dişi hakynda gidýär. Seljerme wagtynda onda ýaşyl reňkli daşdan, ähtimal jadeitden edilen plombanyň bardygy anyklanyldy. Öň mäilm bolan ýagdaýlardan tapawutlylykda, bu goýma öňdäki däl-de, yzky hatardaky dişde edilipdir. Şundan çen tutup, onuň diňe bezeg maksatly edilen däl bolmagy ähtimal diýen pikir ýüze çykýar.

Derňew dişiň köwlüp, daşyň şol ýere berk oturdylandygyny görkezdi. Bu bolsa dişiň çeýnemek wezipesini saklamaga mümkinçilik beripdir. Barlagçylar gadymky stomatologyň işini örän dürs ýerine ýetirendigini we anatomiýadan mazaly habarly bolandygyny belleýärler.

Kompýuter tomografiýasynyň kömegi bilen bu amalyň adamyň diri wagty edilendigini-de anyklamak başartdy. Muňa dişiň gurluşyndaky janly dokuma mahsus bolan üýtgeşmeler hem şaýatlyk edýär. Çaklamalara görä, dişiň eýesi 24–30 ýaşlarynda bolupdyr.

Alymlaryň köpüsi amal bejergi maksatly bolup, köwük diş çüýremesi sebäpli zeperlenen dokumany aýyrmak üçin döredilip, ondan soňra daş bilen doldurylan bolmagy mümkin diýen çaklamany öňe sürýärler. Maýýalar sementiň ornuna derek plombany berkidip hem ýokanç howpuny peseldip bilýän antibakterial häsiýetli tebigy şireleri we ösümlik maddalaryny ulanypdyrlar.

Şeýle-de barlagçylar, göräýmäge lukmançylyk häsiýetli amalyň däp-dessur bilen baglanyşykly bolup biljekdigini-de ünsden düşürenoklar.


07.06.2026 20:06
3.1k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

06.06.2026 07:56
2.2k+

«Metallica» rok topary Gyzyl Haç jemgyýetine 10 müňe golaý donor toplap berdi

«Metallica» toparynyň Germaniýada geçiren konsertleriniň dowamynda «Nemes Gyzyl Haç» jemgyýeti bilen bilelikde guralan gan tabşyrmak çäresine 10 müňe golaý adam gatnaşdy....

05.06.2026 11:37
3.7k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......

04.06.2026 17:20
3.1k+

«Belgiýa barýan yz»: Luwruň talaňçylygy täze taraplardan açylýar

Luwrdaky şa gymmatlyklarynyň ogurlanmagy bilen bagly jenaýat işini alyp barýan derňewçiler Belgiýa bilen arabaglanyşykly täze çaklamany gözden geçirýärler....