Heniz gören ýok: iň gymmat Rolls-Royce-iň nyrhy 28 mln dollardan ybarat

  • 11.03.2026 21:12
  • 9.2k+

Rolls-Royce Boat Tail britan markasynyň häzirki zaman awtoulaglarynyň arasynda iň gymmady hasaplanýar. Çaklamalara görä, şeýle ulaglaryň biriniň bahasy takmynan 28 million dollara ýetýär.

Ozal Rolls-Royce ulaglary üçin iň ýokary bahalar seýrek duş gelýän antikwar nusgalaryň bäsleşikli söwdalarynda hasaba alynýardy. 1910–1930-njy ýyllaryň kolleksiýa modelleri köplenç 5–7 million dollar aralygynda satylýar. Olaryň arasynda 5,7 million dollara satylan 1933-nji ýylyň Phantom II Special Town Car modeli we 7,2 million dollara bahalanan 1926-njy ýylyň Phantom I Round Door modeli bar. Şeýle-de, 1963-nji ýylyň synag üçin goýberilen 10EX Touring Limousine modeli 2018-nji ýylda 7,3 million dollara satyn alyndy.

Emma häzirki zaman rekordlary hususy buýurmalar esasynda awtoulaglary döredýän Coachbuild bölümi bilen baglydyr. Boat Tail modeli hem hut şol ýerde işlenip düzüldi.

Aslynda, Boat Tail-iň üç sanysy bolup, olaryň her biri aýratyn taslama esasynda taýýarlanyldy. Kompaniýa ulaglaryň eýeleriniň adyny aýan etmeýär. Ýöne olaryň biriniň Jay-Z bilen Beyonsa degişlidigi baradaky resmi taýdan tassyklanylmadyk myş-myşlar bar.  

Modeliň dizaýny J-klasly ýahtalardan ylham alnyp döredilen. Korpusy mikrokristally çylşyrymly gradiýent reňki bilen reňklenen, yzky meýdançasynda bolsa simmetrik Caleidolegno şpony ulanylan.

Awtoulagyň esasy aýratynlygy onuň «ganat» bolup açylýan yzky bölegindedir. Onuň içinde Armand de Brignac şampan çakyrlary üçin sowadyjylar, bokallar toplumy, eplenýän stollar, oturgyçlar we saýawanly dynç alyş bölegi bar. Ýörite interýer üçin dizaýnyna üç ýyldan gowrak wagt giden Bovet sagatlary döredildi.

Ikinji Boat Tail awtoulagy 2022-nji ýylda Concorso d’Eleganza sergisinde görkezildi. Üçünji nusgasyny bolsa kompaniýa köpçülige asla tanyşdyrmady.


20.04.2026 09:01
2.9k+

Rolls-Royce örän kaşaň Nightingale elektro kabrioletinden diňe 100 sanysyny öndirer

Rolls-Royce kompaniýasy çäkli mukdarda çykaryljak Nightingale elektrik kabrioletini tanyşdyrdy. Bu model «Coachbuild» bölüminiň ilkinji resmi kolleksiýasy bolar we jemi 100 nusgada öndüriler. Täze model......

19.04.2026 10:32
1.9k+

Rolls-Royce Beýik Britaniýada kiçi ýadro reaktorlaryny gurar

Beýik Britaniýa Rolls-Royce kompaniýasy bilen ilkinji kiçi modully ýadro reaktorlaryny gurmak barada şertnama baglaşdy. Bu taslama arassa energiýany ösdürmek we ýurduň energetika howpsuzlygyny berkitmek......

01.04.2026 16:47
3.5k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

23.03.2026 16:58
5.4k+

Rolls-Royce islegiň ýoklugy zerarly dolulygyna elektromobillere geçmekden ýüz öwürdi

Rolls-Royce kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli öz modeller hataryny doly elektrik hereketlendirijä geçirmek meýilnamasyndan dändi. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris Braunrij habar berdi diýip, "Motor1" neşiri ýazýar...