Türkmenistanyň Futbol federasiýasy geçen möwsümiň iň ökde oýunçylaryny we tälimçilerini yglan etdi

  • 11.03.2026 14:07
  • 7.8k+

Aşgabadyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň (TFF) konferensiýasynda 2025-nji ýylyň futbol we futzal möwsüminiň jemleri jemlenildi. Sport žurnalistleriniň we klub wekilleriniň arasynda geçirilen ses berişligiň netijesinde ýylyň iň gowy futbolçylary we hünärmenleri kesgitlenildi.

Möwsümiň esasy ýeňijileri:

  • Iň ökde oýunçy: Elman Tagaýew («Ahal» toparynda oýnan).
  • Iň köp tapawutlanan hüjümçi: Didar Durdyýew («Arkadag») — 27 gol.
  • Iň ökde tälimçi: Wladimir Baýramow («Arkadag»). Onuň ýolbaşçylygynda topar ýurt içinde birnäçe kuboklary gazanmak bilen birlikde, AFK-nyň Çagyryş ligasynda hem üstünlikli çykyş etdi.

Ýokary liganyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagynda geçirilen ýurt birinjiliginde «Altyn Asyr II» toparynyň hüjümçisi Weýisgeldi Orazdurdyýew «Iň ökde oýunçy» boldy. Şeýle-de, ol 19 gol bilen iň netijeli oýunçylaryň arasynda öňe saýlandy. Resul Mämmedow (baş emin), Yhlas Kurambaýew we Kristina Bersenýowa (kömekçi eminler) bolsa iň ökde eminler hökmünde tapawutlandy.

Adalatly oýun üçin baýragy «Arkadag» futbol kluby we ýaşlar birinjiliginde «Merw II» topary aldy.

Şeýle-de möwsümiň dowamynda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň iň ökde futbolçylarynyň 22-ligi (iki düzüm) kesgitlenildi.

Birinji düzüm:

  • Rasul Çaryýew («Arkadag») – derwezeban;
  • Mekan Saparow, Güýçmyrat Annagulyýew, Abdy Bäşimow, Ybraýym Mämmedow (hemmesi «Arkadag») – goragçylar;
  • Şanazar Tirkişow, Welmyrat Ballakow, Mirza Beknazarow (hemmesi «Arkadag»), Elman Tagaýew («Ahal») – ýarymgoragçylar;
  • Didar Durdyýew, Altymyrat Annadurdyýew (ikisi-de «Arkadag») – hüjümçiler.

Ikinji düzüm:

  • Rüstem Ahallyýew («Arkadag») – derwezeban;
  • Yhlas Toýjanow («Arkadag»), Bagtyýar Gürgenow, Hakmuhammet Bäşimow (ikisi-de «Ahal»), Zafar Babajanow («Altyn Asyr») – goragçylar;
  • Şamämmet Hydyrow («Arkadag»), Alibek Abdyrahmanow, Gurban Annaýew (ikisi-de «Ahal»), Myrat Annaýew («Altyn Asyr») – ýarymgoragçylar;
  • Daýanç Meredow («Köpetdag»), Enwer Annaýew («Ahal») – hüjümçiler.

Naýbaşy futzal ligasynda ýeňijiler:

  • Iň ökde oýunçy: Gurbangeldi Sähedow («Köpetdag»).
  • Iň netijeli oýunçy: Mülkaman Annagulyýew («Köpetdag»).
  • Iň ökde tälimçi: Ahmet Kerwenow («Ahal»).
  • Iň ökde derwezeban: Rehimberdi Hälmämmedow («Deňizçi»).
  • Iň ökde emin: Mekan Toýlyýew.
  • Adalatly oýun görkezen topar: TNGIZT (Türkmenbaşynyň Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň topary)

Dabaranyň dowamynda köp ýyllaryň dowamynda Aziýa Futbol konfederasiýasynyň (AFK) ýaryşlarynda ýokary derejede eminlik edendigi üçin Çarymyrat Gurbanowa ýörite ýadygärlik sowgady gowşuryldy. Baýraklary türkmen futbolynyň tanymal weteranlary Röwşen Muhadow, Çaryýarguly Seýdiýew we TFF-iň wekilleri gowşurdy.


düýn 13:40
6.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
10k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
13k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......