Bugatti bäş sany «tans edýän pil» bilen bezelen özboluşly W16 Mistral modelini görkezdi

  • 04.03.2026 12:03
  • 4.6k+

Bugatti kompaniýasy ady agzalmadyk müşderiniň ýörite buýurmasy esasynda döredilen we «La Perle Rare» (seýrek dür dänesi) diýlip atlandyrylan unikal W16 Mistral rodsterini tanyşdyrdy. Bu awtomobil dür-ak we altynsow reňkleriň ajaýyp sazlaşygynda ýerine ýetirilip, bäş sany «tans edýän pil» şekili bilen bezelipdir.

Bu özboluşly simwol markanyň esaslandyryjysy Ettore Bugattiniň dogany, meşhur heýkeltaraş Rembrandt Bugatti tarapyndan döredilipdir we ozal Bugatti Type 41 modelini bezäpdir. Täze W16 Mistral modelinde bolsa iki sany göwrümli pil şekili ulagyň bosagalaryna ýerleşdirilip, ýene ikisi oturgyçlaryň kelle goýulýanynda keşdelenipdir. Bäşinji pil bolsa altyn heýkeljik görnüşinde bolup, ol tizlik karobkasynyň tutawajyna oturdylypdyr.

Awtomobiliň kuzowy iki reňkli dizaýna eýe bolup, onuň ýokarky bölegi ýyly altynsow metallik, aşaky bölegi bolsa perlamutr öwüşginli süýt reňkinde el bilen boýalypdyr. Şonuň ýaly-da, ulagyň salony we teker diskleri hem şol bir reňk gammasynda bezelipdir.

W16 Mistral 2024-nji ýylda Papenburg awtodromynda 453,91 km/sag tizlige ýetip, dünýäniň iň çalt açyk üstli awtomobili diýlip ykrar edildi. Bugatti Chiron platformasynda gurlan bu model 1600 at güýjüne eýe bolan kuwwatly W16 hereketlendirijisi bilen üpjün edilipdir. Jemi 99 nusgada öndürilen bu rodsteriň başlangyç bahasy 5 million dollar töweregi bolupdy.


02.06.2026 17:35
5.2k+

Bugatti Chiron özünden 17 esse arzan bolan superkara drag-reýsingde utuldy

1500 at güýjüne eýe bolan Bugatti Chiron giperkary drag-reýsingde garaşylmadyk ýagdaýda 1250 at güýji hem-de Bugatti-den 17 esse arzan bolan Chevrolet Corvette ZR1X ulagyndan ýeňildi....

düýn 14:34
1.7k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

21.06.2026 21:15
4.2k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

21.06.2026 16:05
3.5k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......