«Barselona» maliýe jenaýaty baradaky aýyplamany ýörite taýýarlanan töhmet diýip atlandyrdy

  • şu gün 10:05
  • 701

«Barselona» futbol kluby ýolbaşçylaryň maliýe jenaýatlaryna gatnaşygy baradaky aýyplamalara jogap edip, resmi beýan bilen çykyş etdi. Derňew işine bir janköýeriň administrasiýany pul işlemekde we bikanun komissiýa almakda aýyplap beren arzasy sebäp boldy.

Klubuň wekilleriniň düşündirmegine görä, 2026-njy ýylyň 15-nji ýanwarynda iki sany köpçülikleýin habar beriş serişdesiniň işgärleri we Guramaçylykly jenaýatçylygy we korrupsiýany habar beriş taslamasynyň (OCCRP) wekilleri maglumatlary barlamak üçin kluba ýüz tutupdyrlar. Geçirilen içeri we daşary ekspertizalar bu maglumatlaryň galp resminamalara esaslanýandygyny görkezdi. 19-njy ýanwarda klub bu barada žurnalistlere habar berdi.
Nätanyş we ýalan materiallaryň çap edilmegi sebäpli «Barselona» hasabatyň awtorlaryna garşy töhmet we galplyk üçin ýuridiki işleri başlatmagy meýilleşdirýär. Şeýle hem ýolbaşçylar bu işe dahylly adamlara garşy çäre görmek üçin düzgün-nyzam komitetine ýüz tutmakçy.

"Barselona" FK bu meseläniň saýlaw döwrüniň gyzgalaňly wagtynda ýüze çykandygyna gynanýar. Bu habar — klubuň esasy gymmatlyklaryndan biri bolan demokratik ösüşi üýtgetmek, agzalaryň özygtyýarlylygyna täsir etmek we ony manipulýasiýa etmek üçin edilen esassyz synanyşyga jogapdyr» — diýlip, katalon klubunyň beýanatynda aýdylýar.

Saýlaw komissiýasyna dalaşgärleri ýalan habarlary ulanmagyň netijeleri barada duýdurmak üçin ähli materiallar gowşurylar.


düýn 14:20
11k+

«Bize aklymyzdan azaşandyrys öýtdüler»: «Barselona» Ýamaly €250 milliona PSŽ-ä satmakdan ýüz öwürdi

«Barselona» futbol kluby mundan iki ýyl ozal hüjümçi Lamin Ýamal üçin «Pari Sen-Žermeniň» hödürlän 250 million ýewrolyk transfer teklibini ret etdi. Bu maglumaty katalon klubynyň öňki prezidenti Žoan Laporta tassyklady...

düýn 03:57
5.6k+

Dik Adwokat Kýurasaonyň milli ýygyndysyny terk etdi. Ol topary dünýä çempionatyna çykarypdy

Niderlandly tälimçi Dik Adwokat Kýurasaonyň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden çekildi. Ol bu çözgüdi gyzynyň agyr kesellemegi sebäpli kabul etdi we wagtyny maşgalasyna bagyşlamak isleýär. Onuň ornuny Fred Rýutten eýelär diýip, toparyň metbugat gullugy habar berdi...

23.02.2026 13:43
10k+

«Barselona» Remezan aýynda Ýamal üçin niýetlenen ýörite iýmitleniş meýilnamasyny düzdi

​«Barselona» toparyň esasy oýunçylarynyň biri bolan Lamin Ýamal üçin Remezan aýynyň başlamagyna öňünden taýýarlyk gördi. Mundo Deportivo neşiriniň habar bermegine görä, klubuň lukmançylyk we dietologiýa bölümi futbolçy üçin agyz beklemäge we şol bir wagtyň özünde oňyn fiziki ýagdaýyny saklap galmaga mümkinçilik berýän aýratyn iýmitleniş we dikeldiş düzgünini işläp düzdi...

22.02.2026 22:43
20k+

«Men Saud Arabystanyna degişli. Bu ýerde men bagtly» Ronaldu geljegi barada pikirlerini paýlaşdy

Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubunyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu özüniň geljekki meýilnamalary barada durup geçdi we karýerasyny bu ýurtda dowam etdirmek isleýändigini tassyklady. Bu barada insaýder Fabrisio Romano habar berýär...