«Awe Mariýa» taslamasy» filminiň çykmagyna bagyşlanyp kosmonawtyň tuwulgasyndaky patrak çykaryldy

  • şu gün 12:38
  • 288

Awstraliýanyň «Hoyts» kinoteatrlar tory täze fantastik film üçin niýetlenen, kosmonawt tuwulgasy şekilindäki üýtgeşik patrak (popkorn) çeleklerini tanyşdyrdy. Bu aksessuar Raýan Goslingiň baş keşbi janlandyran «Awe Mariýa» taslamasy» (Project Hail Mary) atly garaşylýan filminiň premýerasyna gabatlandy.

Täze patrak çelegi gyzyl reňkli tuwulga görnüşinde bolup, onuň dizaýny filmde Raýan Goslingiň geýýän skafandryny doly gaýtalaýar. Tuwulganyň ýüzi aňyrsy görünýän gara elementler bilen bezelen.
Tuwulganyň ýokarky bölegi açylýar we patrak üçin niýetlenen çelege öwrülýär.
Filmiň ilkinji görkezilişi 20-nji marta bellenildi. Dowamlylygy: 2 sagat 36 minut.
Film «Marsly» (The Martian) romanynyň awtory Endi Weýeriň dünýä belli «Awe Mariýa» taslamasy» atly eseri esasynda surata düşürildi.
Film öňki molekulýar biolog we mekdep mugallymy, häzirki kosmonawt Raýlend Greýs barada gürrüň berýär. Ol älem gämisinde huşuna gelende, özüniň Ýerden 12 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýän Tau Kita ýyldyzlar ulgamyna iberilendigini ýadyna düşürýär. Onuň esasy wezipesi — Ýer şaryny garaşýan ählumumy betbagtçylykdan halas etmegiň ýoluny tapmakdyr.
Filmiň režissýorlary — meşhur Fil Lord we Kristofer Miller («Lego Filmi» we «Möý-adam» multfilmleri bilen tanalýanlar).

 

«Bu ägirt uly möçberdäki we örän batyrgaý hekaýat. Ony durmuşa geçirmek örän kyn ýalydy, emma biz hut şeýle çylşyrymly taslamalary söýýäris. Adamlar hut şuňa meňzeş kinolar üçin kinoteatrlara gidýärler» - diýip, Raýan Gosling CinemaCon dabarasynda bu taslama barada aýtdy.


düýn 10:24
8.5k+

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna düşürilen film halkara baýraklaryny aldy

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna surata düşürilen «Kompozitor» atly film ýakynda TÜRKSOÝ halkara guramasynyň ýörite baýraklaryna mynasyp boldy...

düýn 07:18
1.6k+

Berlin kinofestiwalynyň baş baýragy «Sary hatlar» filmine gowşuryldy

76-njy Berlin kinofestiwalynyň baş baýragy — «Altyn Aýy» germaniýaly asly türk režissýor Ilker Çatakyň düşüren «Sary hatlar» (Gelbe Briefe) filmine gowşuryldy. Baýragyň gowşurylyş dabarasy 21-nji fewralda Potsdam meýdanyndaky Berlinale köşgünde geçirildi...

22.01.2026 15:04
1.9k+

76-njy Berlin kinofestiwalynyň esasy bäsleşik maksatnamasy mälim edildi

76-njy Berlin Halkara Kinofestiwalynyň guramaçylary şu ýylky esasy baýraklar ugrunda bäsleşjek filmleriň sanawyny yglan etdiler. Dünýäniň iň abraýly kino bäsleşikleriniň biri hasaplanýan bu festiwal 12–22-nji fewral aralygynda geçiriler...

18.01.2026 20:13
2.6k+

76-njy Berlin kinofestiwalynyň açylyş filmi mälim edildi

76-njy Berlin halkara kinofestiwaly owgan režissýory Şarbanu Sadat tarapyndan surata düşürilen «No Good Men» («Adamlaryň gowusy ýok») atly romantiki komediýasy bilen açylar. Bu barada festiwalyň dolandyryşyna salgylanýan Variety neşiri habar berýär...