Jyny jyňkyryşmaýany – gajetler! «Oýnawaçlar hekaýaty 5» multfilminiň treýleri çykdy

  • şu gün 19:28
  • 329

Disney we Pixar kompaniýalary «Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» (История игрушек-5) animasion filminiň doly derejeli treýlerini hödürledi. Multfilmiň premýerasy 19-njy iýuna meýilleşdirildi.
Bu gezek gahrymanlar çagalaryň ünsüni özüne baglan iň döwrebap duşman — gajetler bilen ýüzbe-ýüz bolmaly bolar. Esasy garşydaş hökmünde «Garpyşyk» serialynyň ýyldyzy Greta Liniň ses bermeginde Lilipad atly täze gahryman çykyş eder.
«Baz, Wudi, Jessi we beýleki toparyň işi häzirki wagtda çagalaryň arasynda meşhur bolan zat — elektronika bilen çaknyşanlarynda uly howp astynda galýar!» diýlip, beýanda bellenilýär.
Bäşinji bölümiň režissýory Endrýu Stenton («Nemonyň gözleginde», «WALL-I») boldy. Tom Henks (Wudi) we Tim Allen (Bazz Laýter) hem öz keşplerine dolandy.
Şeýle-de, aktýorlar düzümine tele-alypbaryjy Konan O’Braýen hem goşuldy, ol multfilmde körpeleri hajathana öwrenişdirmek üçin niýetlenen täze tehniki oýunjaga ses berdi.


şu gün 17:24
448

Netflix «Otly petegi» stolüsti oýnuny ekrana geçirýär

Netflix kompaniýasy «Otly petegi» («Ticket to Ride») stolüsti oýnuny ekranlaşdyrmak hukugyny satyn aldy.  Ylalaşyga görä, kompaniýa, islese, oýnuň esasynda çeper ýa-da dokumental filmleri, seriallary hem-de beýleki media önümleri çykaryp biler...

şu gün 16:44
740

Aýyjyk Paddington BAFTA dabarasynyň alyp baryjylarynyň biri bolar

Paddington atly aýyjyk BAFTA baýragynyň gowşuryş dabarasynda alyp baryjylaryň biri bolar. Ol «Iň gowy çagalar we maşgala filmi» kategoriýasynda baýragy gowşurar diýip, The Hollywood Reporter neşiri habar berýär...

şu gün 15:09
504

Bad Bunny "Porto-Riko" taryhy dramasynda baş keşbi janlandyrar

Bad Bunny lakamy bilen tanalýan dünýä belli puerto-rikoly sazanda Benito Martines Okasio "Porto-Riko" (Porto Rico) atly taryhy dramada baş keşbi janlandyrmaga taýýarlanýar. Bu barada "The Guardian" neşiri habar berýär...

şu gün 12:11
1.9k+

Täze «Mumiýa» filminiň gorkunç treýleri peýda boldy

Warner Bros. kompaniýasy «Mumiýa» («Мумия») filminiň ilkinji treýlerini köpçülige hödürledi. Filmiň dünýä premýerasy 15-nji aprele meýilleşdirilýär. Filmiň wakalary çölüň ortasynda dereksiz ýiten žurnalistiň gyzy barada gürrüň berýär...