ABŞ-da lagymdan 185 kilogramlyk lamantin halas edildi

  • 19.02.2026 12:31
  • 4.4k+

ABŞ-nyň Florida ştatyndaky Melburn-Biç kenarynyň golaýynda, siliň suwuny akdyrýan lagym ulgamynda gysylyp galan 185 kilogramlyk äpet lamantin tapyldy.

New York Post neşiriniň habar bermegine görä, bu deňiz süýdemdirijisini Melburn-Biç kärhanasynyň bir işgäri görüp, derrew degişli gulluklara habar beripdir. Wakanyň bolan ýerinde halas edijiler bilen bir hatarda, Florida ştatynyň Balyk we ýabany tebigaty goramak boýunça komissiýasynyň agzalary hem-de Florida uniwersitetiniň hünärmenleri agyr halas ediş işlerini geçirdiler. Lagymdan aman-sag çykarylan jandar derrew Orlando şäherindäki «Sea World» okeanariumyna getirildi. Häzirki wagtda oňa zerur bolan kömekler edilýär.


Okeanariumyň işgärleri lamantiniň eýýäm özbaşdak dem alyp, işjeň hereket edýändigini we işdämen iýmitlenýändigini aýdýarlar.
«Hünärmenlerimiz jandaryň özüni has oňaýly duýmagy we suwuň ýüzünde ýeňil saklanmagy üçin howuzdaky suwuň derejesini ýörite sazlaýarlar» diýip, «Sea World Orlando» okeanariumynyň metbugat wekili Stefani Beçara belledi.

ABŞ-da lamantinler döwlet tarapyndan goralýan jandarlaryň sanawyna girýär. Bu haýwanlaryň sany 2021-nji ýylda bolup geçen we 1100-den gowrak lamantiniň heläk bolmagyna sebäp bolan köpçülikleýin açlykdan soň, häzirki wagtda kem-kemden köpelip başlady. Şeýle halas ediş çäreleri bu täsin jandarlaryň populýasiýasyny saklap galmakda uly ähmiýete eýedir.


09.06.2026 07:41
10k+

Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur......

04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......

29.05.2026 23:56
6.7k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....

23.05.2026 23:48
3.7k+

Global maýlamaklyk dünýäniň iň uly derýalarynda kislorodyň derejesini peseltdi

Hytaýyň klimatologlary soňky 40 ýylyň dowamynda Ýeriň iň uly derýalarynda ereýän kislorodyň konsentrasiýasynyň peselendigini habar berdiler. Barlagçylaryň çaklamalaryna görä, howanyň üýtgemegi häzirki......