Xiaomi 4,7 milliard parametrli Robotics-0 bilen robot tehnikasy älemine aralaşyp başlady

  • şu gün 14:21
  • 429

Xiaomi kompaniýasy robototehnika pudagy üçin niýetlenen, açyk kodly ilkinji iri göwrümli modelini — Xiaomi-Robotics-0 ulgamyny tanyşdyrdy. 4,7 milliard parametrli bu ulgam robotlary hakyky durmuş şertlerinde akylly dolandyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Model döwrebap VLA (Vision-Language-Action) ýörelgesi esasynda gurlup, ol daşky gurşawy hakyky wagtda seljermek, berilýän tekstli buýruklaryň manysyna düşünmek we fiziki işleri takyk ýerine ýetirmek ýaly üç sany esasy funksiýany birleşdirýär.
Xiaomi-niň hünärmenleri bu tehnologiýany robotlaryň "fiziki aňynyň" düýp binýady diýip häsiýetlendirýärler.
Ulgamyň özeni bolan Mixture-of-Transformers arhitekturasy wezipeleri iki sany ýöriteleşdirilen bloga bölýär:
Wizual-dil modeli: Bu blok görkezmeleri seljerýär we robotyň giňişlikde ugur tapmagyna jogap berýär.
Action Expert (Hereket eksperti): Bu bölek robota diňe bir sany hereketi däl-de, tutuş hereketler toplumyny öwredýär. Bu bolsa işleriň has akgynly we takyk bolmagyny üpjün edýär.
Robotics-0 modeli dürli halkara synaglarynda (LIBERO, CALVIN, SimplerEnv) ýokary netijeleri görkezdi. Iki elli robot platformasynda geçirilen synaglarda ulgam elýaglyklary eplemek; kubikleri (bloklary) manipulýasiýa etmek we tertiplemek; çylşyrymly fiziki meseleleri çözmek ýaly işleri özbaşdak ýerine ýetirmegi başardy.
Ulgamda gijikmeleri minimuma düşürmek üçin asinhron çykyş we hereketleri durnuklaşdyrmak mehanizmleri ulanylýar. Bu bolsa robotyň hereketlerini has "janly", durnukly we ynamly edýär.


06.02.2026 14:14
765

Apple bilen Lenovo-nyň yhlasy bilen planşet bazary geçen ýyl tas 10% ulaldy

Omdia seljeriji kompaniýasynyň hasabatyna görä, 2025-nji ýylda dünýäniň planşetler bazary durgunlykdan soň gaýtadan dikeldi. Iberilen önümleriň möçberi 9,8% ösüp, 162 million gurluşa ýetdi we bu 2020-nji ýyldan bäri iň ýokary görkeziji diýmekdir...

28.01.2026 13:37
2.6k+

Redmi Turbo 5 Max örän çalt işleýän ultrases barmak yzy skaneri bilen enjamlaşdyrylar

Redmi Turbo 5 Max seriýanyň taryhynda ilkinji gezek flagman derejesindäki ultrases barmak yzy skanerine eýe bolar. Xiaomi kompaniýasynyň prezidenti Lu Weýbiniň aýtmagyna görä, skanirlemek işi dem salym pursatda— ekrandaky beýleki sensorlardan 30% has çalt amala aşyrylar...

27.12.2025 10:34
1.4k+

Xiaomi Smart Home Screen 11-i — akylly öý üçin smart-displeýini çykardy

Xiaomi resmi taýdan özüniň ilkinji premium derejeli akylly displeýini — Smart Home Screen 11-i yglan etdi. Täze önüm planşetiň we smart-kolonkanyň mümkinçiliklerini birleşdirýän, akylly öý ekoulgamyny dolandyryş merkezi hökmünde hödürlenýär...

22.07.2025 19:38
3.3k+

Täze Xiaomi Bone Conduction 2 nauşnikleri suwda we smartfonsyz işleýär

Xiaomi suwda ulanyp boljak täze Bone Conduction 2 nauşniklerini hödürledi. Model Finlýandiýanyň Suunto fitnes-sagat brendi bilen hyzmatdaşlykda döredildi we suwda ýüzmek üçin niýetlenýär. Onuň aýratynlygy, aksessuar sesi gulagyň däl-de, süňküň üsti bilen geçirýär we smartfona birikdirmezden işleýär...