«Barselonanyň» prezidenti Žoan Laporta wezipesinden çekildi

  • 10.02.2026 18:19
  • 5.7k+

«Barselonanyň» häzirki prezidenti Žoan Laporta we müdirler geňeşiniň birnäçe agzasy 15-nji martda geçiriljek saýlawlara öz dalaşgärliklerini hödürlemek üçin wezipelerinden çekildi. Bu barada klubuň resmi saýtynda habar berilýär.
Çözgüt duşenbe güni geçirilen «Barselonanyň» müdirler geňeşiniň nobatdaky mejlisinde kabul edildi. «Barselonanyň» düzgünnamasyna laýyklykda, şeýle hereket Laportanyň saýlaw kampaniýasyna gatnaşmagy üçin zerurdyr.

Işden çekilenleriň arasynda wise-prezidentler Ýelena Fort we Rafael Eskudero hem bar.  Müdirler geňeşiniň täzelenen düzümi wezipe borçlaryny 30-njy iýuna çenli ýerine ýetirmegini dowam eder.
Geçen ýylyň dekabr aýynda Laporta «Barselonanyň» prezidentligine üçünji möhlete dalaş etmejekdigini aýdypdy, ýöne soň gelen netijesini üýtgetdi.
Laporta 63 ýaşynda. Ol 2003-2010-njy ýyllar aralygynda «Barselona» ýolbaşçylyk etdi we 2021-nji ýylda gaýtadan klubuň prezidenti wezipesine saýlandy. Onuň ýolbaşçylygynda «Barselona» futbol topary alty gezek Ispaniýanyň çempiony boldy, üç gezek ýurduň Kubogyny we alty gezek Superkubogyny gazandy. Şeýle hem, topar iki gezek UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň, bir gezek UEFA-nyň Superkubogynyň we bir gezek Klublaýyn dünýä çempionatynyň ýeňijisi boldy.


şu gün 10:53
5.1k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

04.06.2026 23:46
5.9k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......

04.06.2026 00:17
10k+

«Barselona» «Realyň» prezidenti Florentino Peresi kazyýete berdi

«Barselona» futbol kluby Madridiň «Real» toparynyň prezidenti Florentino Peresiň üstünden kazyýete şikaýat etdi. Kataloniýanyň kluby madridli telekeçiniň kemsidiji we göwne degiji sözleri üçin jogap bermegini......

01.06.2026 16:29
4.8k+

«Barselona» «Nýukasldan» Entoni Gordony satyn aldy

«Barselona» futbol kluby «Nýukaslyň» çep gyraky hüjümçisi (wingeri) Entoni Gordonyň transferini resmi taýdan yglan etdi. 25 ýaşly futbolçynyň katalon kluby bilen baglaşan şertnamasy 2031-nji ýyla çenli......