Küşt hem girdejili sport. Magnus Karlsen 2025-nji ýylyň iň köp girdeji gazanan küştçüsi boldy

  • 07.02.2026 15:41
  • 4.1k+

Norwegiýaly grossmeýster Magnus Karlsen 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça iň köp pul baýragyny gazanan küştçüleriň sanawynda birinji orna çykdy. Bu reýting eýýäm yzygiderli ikinji ýyl «Forbes Sport» neşiri we «Chess Plus» media taslamasy tarapyndan taýýarlanyldy.

«Forbes Sport-yň» maglumatyna görä, Karlsen ýylyň dowamynda 1 365 177 dollar pul baýragyny gazandy.
«Chess.com» saýty bolsa onuň 16 sany ýaryşdan jemi 1,455 million dollar girdeji alandygyny belleýär. Geçen ýyl Karlsen bu sanawda üçünji ýerdedi. Ol dünýä çempionlygy ugrundaky ýaryşa gatnaşan Gukeş Dommaraju (Hindistan) we Din Liženden (Hytaý) yza galypdy.

Häzirki wagtda 35 ýaşynda bolan Karlseniň karýerasy rekordlara baý. Ol 2013–2023-nji ýyllar aralygynda dünýäniň 16-njy çempiony bolup galdy. Blitz boýunça 9 gezek, rapid boýunça bolsa 6 gezek dünýä çempiony boldy. 19 ýaşynda FIDE reýtinginde birinji orna çykan iň ýaş küştçi hökmünde taryha girdi.
Sanawyň ilkinji onlugyna Karlsenden başga-da ABŞ-nyň, Fransiýanyň, Özbegistanyň, Hindistanyň we Germaniýanyň grossmeýsterleri girdi.

«Bu ýyl biz Esports World Cup we Freestyle Chess ýaly täze çäreleriň uly täsirini görýäris. Bu bolsa küşt elitasyna girdejilerini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berdi. Küşt has köp formatly we gyzykly sporta öwrülýär» — diýip, «Chess Plus» taslamasynyň esaslandyryjysy Anton Suçkow belledi.


31.03.2026 16:37
2.3k+

«AŞGABAT» topary küşt boýunça Türkmenistanyň ilkinji toparlaýyn çempionatynda ýeňiji boldy

Türkmenistanyň sport taryhynda küşt boýunça ilkinji toparlaýyn çempionat Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebinde tamamlandy. Türkmenistanyň Küşt federasiýasy tarapyndan guralan bu bäsleşige......

29.03.2026 09:56
3.3k+

Türki döwletleriň ilkinji küşt Olimpiadasyna gatnaşjak Türkmenistanyň ýygyndy topary düzüldi

Aşgabatda küşt boýunça saýlama ýaryşy tamamlandy, onuň netijeleri boýunça türki döwletleriň arasynda geçiriljek ilkinji küşt olimpiadasyna gatnaşjak Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň (16 ýaşa çenli küştçüler)......

23.03.2026 09:30
3.8k+

Erling Holand baýrak gaznasy 2,7 mln dollar bolan küşt ýaryşynyň maýadary boldy

«Mançester Sitiniň» we Norwegiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Erling Holand küşt taslamalarynyň maýadary boldy. Ol norwegiýaly işewür Morten Borge bilen bilelikde Chess Mates kompaniýasyny esaslandyrdy. Bu kompaniýa Norway Chess ýaryşynda we täze döredilen Total Chess World Championship ýaryşynda paý aldy...

18.03.2026 11:25
2k+

Türkmenistanyň küştçi gyzlary Buharadaky halkara ýaryşynda uly ýeňiş gazandy

2026-njy ýylyň 9 — 15-nji marty aralygynda Özbegistanyň Buhara şäherinde zenanlaryň arasynda IV halkara küşt ýaryşy geçirildi. Hindistandan, Russiýadan, Gazagystandan, Mongoliýadan, Awstriýadan, Belarusdan, Gyrgyzystandan we Özbegistandan gelen güýçli küştçüleriň gatnaşan bu bäsleşiginde Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary ýokary netijeleri görkezdi...