30 sekunt üçin 10 mln dollar: «Superboulyň» mahabat bahalary rekord goýýar

  • 03.02.2026 12:27
  • 6.1k+

2026-njy ýylyň «Superbouly» (Super Bowl) hatda oýun başlamazdan ozal täze rekordlary goýup başlady. 9-njy fewrala geçilýän gije geçiriljek amerikan futbolynyň final duşuşygy dünýäniň iň gymmat efir wagty statusyny ýene bir gezek tassyklady. Bu ýyl 30 sekuntlyk reklama wagtynyň bahasy 10 million dollara çenli ýokarlandy.

Belläp geçsek, bary-ýogy bir ýyl ozal şol bir wagt aralygy takmynan 8 million dollara deňdi.
«Superboul» eýýäm diňe bir sport oýny bolmagyň çäklerinden çykdy. Bu bütindünýä derejesindäki telewizion wakadyr. Efiriň her bir sekundy altyn bilen deň hasaplanýar we dünýä belli brendler köp millionlyk tomaşaçylaryň ünsüni çekmek üçin ägirt uly serişdeleri sarp etmäge taýýar.
Şeýle-de, iri kinokompaniýalar «Superboulyň» göni ýaýlymyny geljekki filmleriniň täze treýlerini görkezmek üçin esasy meýdança hökmünde ulanýarlar. Reklama berijileriň resmi sanawy entek doly çap edilmedik hem bolsa, Disney, Lionsgate, Paramount we Illumination ýaly studiýalaryň gatnaşmagyna garaşylýar.


22.06.2026 14:40
4.4k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

21.06.2026 21:03
2.1k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

15.06.2026 15:55
10k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

15.06.2026 15:42
11k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......