CIES Football Observatory guramasy professional futbol klublarynyň akademiýalarynyň netijelilik reýtingini çap etdi. Bu sanaw klublaryň terbiýäp ýetişdiren oýunçylarynyň umumy transfer bahasyna we olaryň professional futboldaky sanyna esaslanýar.
Reýtingde birinji orny «Barselona» eýeledi. «La Masiýanyň» okuwyny geçen oýunçylaryň umumy bahasy 738 million ýewro deňdir. Hasaplamalara häzirki wagtda oýnap ýören futbolçylar (hem öz klubunda, hem kärendede çykyş edýänler) girizildi. Katalonlardan reýtingde 22 oýunçy hasaba alyndy. Transfer bahasy babatda «Barselonanyň» uçurymlary ikinji ýerdäki bäsdeşlerinden iki ýarym esse gymmat bolup çykdy.
Sanawda ikinji orny eýeleýän «Mançester Sitiniň» görkezijisi 16 sany terbiýelenen oýunçy, olaryň jemi bahasy bolsa 286 million ýewro deň.
Üçünji orny «Bawariýa» eýeledi. Mýunhendäki mekdepden 16 uçurym çykdy, jemi bahasy 284 million ýewro barabar.
Katalonlaryň beýle uly tapawut bilen öňe saýlanmagynyň esasy sebäbi Lamin Ýamal bilen baglydyr. Katalon akademiýasynyň iň gymmatly şägirdi, «CIES-iň» maglumatyna görä, 335 million ýewro ýetýär, bu bolsa «Mançester Sitiniň» akademiýasynyň ähli uçurymlarynyň umumy bahasyndan hem ýokarydyr.
Iňlis klubunyň iň gymmat şägirdi 92 million ýewro bahaly Niko O’Raýli bolsa, «Bawariýada» bu görkeziji boýunça lider 87 million ýewrolyk Jamal Musiala boldy.
Reýtingde dördünji orny «Real Madrid» (11 oýunçy üçin 256 million ýewro), bäşinji orny bolsa «Arsenal» (8 futbolçy üçin 235 million ýewro) eýeledi.
Sanawda «Barselonany» hasaba almasaň, beýleki toparlaryň arasyndaky görkezijiler has ýakynlaşýar. Mysal üçin, «Mançester Siti» bilen onunjy orundaky «Atletikonyň» arasyndaky tapawut 100 million ýewro deňdir. Şol bir wagtyň özünde, professional toparlarda Madridli klubyň ýetişdiren 25 oýunçysy bar.
Reýtingde oýunçylaryň iň köp sany «Real Sosýedad» klubuna degişlidir. Bu klubyň 37 futbolçysy professional derejede çykyş edip, olaryň jemi bahasy 205 million ýewro deň. Bu görkeziji bilen klub sekizinji orny eýeledi.
Bir oýunçy birgiden topardan gymmat: CIES futbol akademiýalarynyň uçurymlaryna baha berdi
- şu gün 17:28
- 867