101 müň tomaşaçy: Argentinanyň "Riwer Pleýt" klubunyň stadiony dünýäde ikinji iň uly futbol arenasy bolar

  • 30.01.2026 10:57
  • 5.3k+

Argentinanyň “Riwer Pleýt” futbol kluby öz öý meýdançasy bolan “Monumental” stadionyny giňeltmek taslamasyna badalga berlendigini yglan etdi. Durkuny täzelemek işleri tamamlanandan soň, arenanyň sygymy 85 müňden 101 müň tomaşaça çenli artar. Bu bolsa ony dünýäde sygymy boýunça ikinji uly futbol stadiony eder.

"Bu taryhy gün. "Riwer Pleýt" sport infrastrukturasynda döwrebaplaşdyrmak we liderlik ýoluny dowam etdirýär. Bu taslama stadionyň Amerikadaky iň uly we iň ähmiýetli arena hökmündäki derejesini berkidip, täze global standartlary döreder" diýip, klubuň prezidenti Stefano Di Karlo belledi.

Gurluşyk işlerine aprel aýynyň birinji hepdesinde başlamak meýilleşdirilýär. Taslama bäsdeşlik esasynda amala aşyrylyp, oňa on sany gurluşyk kompaniýasy gatnaşar. Rekonstruksiýanyň bahasy 100 million dollardan gowrak bolup, gurluşyk işleriniň takmynan 36 aý dowam etmegine garaşylýar.
Häzirki wagtda dünýäniň iň uly stadiony Phenýandaky (Demirgazyk Koreýa) 114 000 orunlyk "Rungrado Birinji maý" arenasy hasaplanýar, ýöne ol ýerde 2017-nji ýyldan bäri futbol oýunlary geçirilmeýär. Barselonadaky durky täzelenýän "Kamp Nou" (105 000 orun) bolsa işjeň stadionlaryň arasynda iň ulusy bolar.

"Monumental" stadiony 1938-nji ýylda guruldy. Bu meýdança 1978-nji ýyldaky Dünýä çempionatynyň, 1987-nji we 2011-nji ýyllardaky Amerikanyň kubogynyň, şeýle-de 2024-nji ýyldaky Libertadores kubogynyň finallaryna eýeçiligini etdi. Arenanyň 2030-njy ýyldaky Dünýä çempionatynyň esasy meýdançalarynyň biri boljakdygy çaklanylýar.


düýn 16:49
5.7k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

düýn 16:09
6k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

düýn 12:42
7.5k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......

düýn 12:35
4.6k+

Florentino Peres saýlawlarda ýene ýeňdi: indi «Realda» näme üýtgär, Mourinýu gelermi...

Madridiň «Realy» ýakyn ýyllar üçin özüniň ýolbaşçysyny kesgitledi. Florentino Peres prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, dünýäniň iň abraýly futbol klublarynyň biriniň başlygy wezipesini saklap galdy....